Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Türkmentel-2024” atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler ✦ ✦ VII Türki dünýäsi Bilim we medeniýet festiwalyna ýüz tutmalar dowam edýär ✦ ✦ Tejen etrabynda wagyz - nesihat çäresi geçirildi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çekdi ✦ ✦ Sanly ulgamyň öňegidişlikleri ✦ ✦ 2025-nji ýylda Zagrebde göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler ✦ ✦ Kitap halklary ruhy taýdan birleşdirýän köpri ✦ ✦ Magtymgulynyň eserleri dostlukly yurtlaryň edebiýatynda ✦ ✦ Türkmen edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Sungat ojagymyzda - Türkmen Alabaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Tejen etrabynda wagyz - nesihat çäresi geçirildi
  18.10.2024
56
Tejen etrabynda wagyz - nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesi ilkinji guramalary, işjeň agzalary şeýle hem etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde wagyz-nesihat çäreleri, döredijilik duşuşyklary yzygiderli ýagdaýda geçirip durýar. Şeýle duşuşyklaryň biri hem ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň iş meýilnamasy esasynda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikdäki gurnamagynda Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki medeniýet öýünde  ýakynda  geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini, gelip çykýan kararlardyr, çözgütleri halka ýetirmek wagyz-nesihat etmek maksady bilen  wagyz-nesihat duşuşygygeçirildi.


 

Oňa etrap birleşmesiniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň agzybir işgärleri, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdy. Duşuşykda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň  jemgyýetçilik –syýasy durmuşynda taryhy waka öwrülendigi barada, hormatly Prezidentimiziň kararlarydyr çözgütlerini, nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri bilen bagly gürrüň edildi. Jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dowamatynyň dowam bolmagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirilýändigi barada aýdylyp, duşuşygyň ahyrynda Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik, bolup alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin, diýip alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Guwanç Nuratow
Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň
Ahal  welaýatynyň  Tejen  etrap
birleşmesiniň başlygy.

 

Tejen etrabynda pagta ekilişine taýýarlyk görülýär
Tejen etrabynda aýdym-sazly sergi geçirildi
Tejen etrabynda ýylyň ady mynasybetli dabara geçirildi
Tejen etrabynda Tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik  gurnaldyy
Şaşka boýunça ýaryş geçirildi
Tejen şäherinde kiçi futbol ýaryşy geçirildi
Türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi
“Hünärim bar hormatym bar” atly aýdym-sazly dabaraly sergi geçirildi
Mekdep okuwçylaryň arasynda basketbol ýaryşy geçirildi
Tejen etrabynda futbol ýaryşy geçirildi
Tejen etrabynda woleýbolyň etrap tapgyry tamamlandy
Tejen etrabynda nesil terbiýesi barada maslahat geçirildi
“Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII spartakiadanyň etrap tapgyry geçirildi
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar
Ýaş suratkeşleriň döredijilik bäsleşigi