Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda täze elektrik beketleri işe girizildi ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň özeni ✦ ✦ Türkmenbaşy şäherinde "Sagdyn nesil - sagdyn jemgyýet" atly kiçi futbol bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Döwletli Nesibe HJ: Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda sanly çözgütleriň öňbaşçysy ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2024» atly halkara sergisi öz işine başlady ✦ ✦ Ylym öwrenmek - dünýä akyl ýetirmek ✦ ✦ Maglumat ulgamlary häzirki döwrüň möhüm pudagy ✦ ✦ Çagalar baglary üçin täze metodologiýa neşir edildi ✦ ✦ "Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary" atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Zähmet, bereket we ösüş baýramy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dil — dostlugyň açary!
  23.09.2024
311
Dil — dostlugyň açary!

Häzirki zaman jemgyýetiniň ösen talaplarynyň biri-de dünýä ýüzünde giňden ulanylýan daşary ýurt dillerini kämil bilmekdir. Dil öwrenmek şahsyýetiň we jemgyýetiň ösüşine uly täsir edýär. Aragatnaşygyň ilkinji esasy guraly-da dil bolup durýar. Şu nukdaýnazardan bu ugurda öňegidişlik gazanmak her bir şahsyýet we jemgyýet üçin örän möhümdir.   

 

Dil şol halkyň medeniýetini we pikirlenişini görkezýär. Dil öwrenmek bilen täze bir medeniýeti aýdyňlaşdyrmaga, däp-dessurlaryna we edebiýatyna düşünmäge mümkinçilik gazanyp bolýar.  

 

Ylmyň we tehnikanyň, internediň ösmegi bilen dil öwrenmegiň has ygtybarly we netijeli usullary işlenip, terjribä ornaşdyrylýar. Onlaýn sapaklar, mobil goşundylar (Duolingo, Babbel) we wideo maglumatlary dil öwrenmekligi barha ýeňilleşdirýär. Biziň ýurdumyzda dünýä dillerini çuňňur özleşdirmek üçin giň şertler yzygiderli döredilýär. Şeýle hem heniz çagalar bagyndaky körpelerden başlap, islendik ýaşdaky raýatlar, aýratyn-da ýaş nesiller dünýä dillerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýärler.  

 

Ilkibaşda özleşdirilemesi örän kyn bolup görünýän köpsanly çylşyrymly sözler, grammatika siziň howuňyzy basyp biler, ýöne şol bir wagtyň özünde hem dünýä dillerini öwrenmek durmuşyňyzda, ylymlar äleminde uly gapylar açýar, köp mümkinçilikleri öňüňizde häzir edip goýýar. 

 

Ejegül AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.