Malaýziýa Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýa sebitindäki iri hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy. Geçen döwürde özara bähbitli hyzmatdaşykda oňyn tejribe toplanyldy. Malaýziýanyň häzirki ýokary ösüş depgininiň binýadyny goýan Premýer-ministr Mahathir Mohammad 1994-nji ýylda Türkmenistanda resmi saparda bolupdy. Aýratyn-da 2007-nji ýyldan bäri türkmen-malaý gatnaşyklaryna ilerleýji ösüş meýli mahsusdyr. Günorta-Gündogar Aziýa sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Bilim ulgamy hem hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurdyr.
Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary düýn Kuala-Lumpur şäherinde malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Bu Ähtnamalar ylym-bilimi global düşünişmek ýoly bilen ösdürmek boýunça edilýän tagallalaryň bir bölegidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri iki ýurduň deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezdi.
Arasynda ençeme daglar, deňizdir ummanlar keserip ýatan 6 müň kilometrden gowrak alyslykda ýerleşen-de bolsa, Türkmenistan bilen Malaýziýany özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek islegi birleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň netijesinde bu islegiň nobatdaky gezek myrat tapjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.
Amanmyrat ARAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.