logo

Soňky täzelikler:
✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Täze ýyl gutlaglary..
  09.12.2022
66165
Täze ýyl gutlaglary..

- Täze ýylda ýüzüňizde ýylgyryş we ýüregiňizde söýgi egsilmesin. Täze ýylyňyz gutly bolsun!

- Ýakynlaryňyz bilen bagtly, agzybir we asuda Täze ýyly garşy almagyňyzy we bütin ýyly gözellik bilen geçirmegiňizi arzuw edýärin!

- Ýalňyşlyk goýbermeýän adam adatça hiç zat edip bilmez. 2023-nji ýylda - ýalňyşlyklaryňyz az we üstünlikleriňiz köp bolsun!

- Bosagada - 2023-nji ýyl! Goý, geljek ýylyň her bir güni bagtyýar pursatlara beslensin. Durmuş size elmydama garaşylmadyk şatlyklary bagş etsin!

- Ýakymsyz ýatlamalary alamatlandyrýan köp zatlardan mümkin boldugyça daşda duruň! Täze ýylda olar bilen hoşlaşyp, ornuny täze, ýakymly ýatlamalar bilen dolduryň!

- Täze ýylyňyz älemgoşaryň reňkleri ýaly janly we owadan bolsun. Maşgalaňyz we ýakynlaryňyz bilen wagty bagtly we ýakymly geçirmegiňizi arzuw edýärin!

- Aý, gün we ýyldyzlar ýaly arzuwlaryňyz hemişe şöhle saçmagyny dowam etsin. Täze ýylyňyz gutly bolsun!

- Goý, geljek Täze ýylda kynçylyklaryňyz çäge zerresi ýaly kiçi, bagtly günleriňiz deňiz ýaly uly bolsun! Gözleriňizden diňe bagt gözýaşlary aksyn! Täze ýylyňyz gutly bolsun!

- Geljek ýyl öýüňiziň gapysyny ilkinji bolup söýgi, üstünlik we bagt kaksyn!

- Her bir Täze ýyl, aslynda, başymyza gonan bagt guşudyr. Ondan islän köňül küýseglerimize gowuşmak özümize bagly. Täze ýyl arzuwlaryňyzy hasyl edýän ýyl bolsun! 

 

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.