logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Syýasat /Awaza 2025: Parlament forumy
  11.08.2025
1615
Awaza 2025: Parlament forumy

«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda, ösüp barýan deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça BMG-niň Üçünji Maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde duşenbe güni Parlament forumy geçirildi. Bu forum döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň hem-de parlament agzalarynyň arasynda netijeli gepleşikler üçin möhüm meýdança boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Çäräniň dowamynda çykyş edenler, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň parlamentleriniň täze Hereketleriň Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm rol oýnaýandygyny nygtadylar. Hususan-da, serişdeleri netijeli paýlamak, ösüşiň ýerine ýetirilşini seljermek we durnukly infrastruktura maýa goýumlaryny çekmek ugurlarynda parlamentleriň orny aýratyn bellendi. Şeýle-de halkara goldawynyň parlament diplomatiýasy arkaly giňeldilmeginiň zerurdygy barada pikir alşyldy.

 

Forum Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň Az derejede ösen hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliň müdiriýetiniň hem-de Parlamentara Bileleşigiň hyzmatdaşlygynda guraldy. Oňa LLDC ýurtlarynyň parlament agzalary, halkara guramalaryň wekilleri we gatnaşyjy döwletleriň resmi wekiliýetleri gatnaşdy.

 

Bellenilişi ýaly, 500 milliondan gowrak ilaty bolan 32 sany ösüp barýan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar, öz geografiýasy bilen bagly umumy kynçylyklar sebäpli dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmakda päsgelçiliklere duş gelýärler.

 

Bibi JUMANAZAROWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugalllymçylyk institutynyň talyby.