logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglar!
  21.02.2023
72307
8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglar!

- Döwletli törümiziň eýesi mähriban Ejemjan, gadyrly uýam sizi ýetip gelen Halkara zenanlar güni bilen mähirli gutlaýaryn. Güler ýüzüňiz bahar bägülleri ýaly hemişe ýylgyryp dursun!

- Agzybirligiň we söýginiň çeşmesi, ýüregi ýaz ýaly mylaýym Ejemjan! 8-nji mart Halkara zenanlar günüňiz bilen mähirli gutlaýaryn! Göwün köşgüňiz elmydama söýgüden dolup dursun! Aramyzda janyňyz sag, başyňyz dik bolsun Käbäm!

- Dünýäniň görki, örki, durky bolan mähriban Ejemjan! Ýetip gelen 8-nji mart Halkara zenanlar günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

- Dünýäniň gözelligine has-da gözellik goşýan Käbäm!
Halkara zenanlar günüň bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

- Maşgalamyň synmaz söýesi, älemiň soltany, öýüň eýesi, görki güllerden gözel, ezizim! Baýramyň gutly bolsun!

- Zeminiň gül-görki, zerden lälesi mähribanym, seni 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen mähirli gutlaýan. Goý, biziň söýgimiz gunçalap oturan bägüller ýaly mundan beýläk hem gül açsyn!

- Gül görki bahara meňzeş mähribanym, seni 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen mähirli gutlaýan. Göwnüň, yşkyň, keşbiň hemişe ýaz ýaly mylaýym, bägüller owadan bolsun!

- Mähribanym - sen meniň düýnüm, şu günüm we ertirim! Has dogrusy sen – meniň hemme zadym, ýüregimiň eýesi ... Halkara zenanlar günüň bilen! 

- Meniň iň uly şowlulygym, durmuşymyň manysy, arzuwlarymyň barysy, ömrümiň ýarysy baýramyň gutly bolsun!

- Gözelligi we ajaýyplygy bilen kalbyma ylham hem-de joşgun paýlaýan ezizim, seni Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

- Mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan we abadan mähribanym, seni ýetip gelen Halkara zenanlar güni bilen gyzgyn gutlaýaryn! Goý, güler ýüzüň elmydama bahar ýaly nurana bolsun!  

 

Atajan EÝÝUPOW, 
habarçy, žurnalist.