logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /“Baky Tylla” BM-niň Bootcamp-nyň Ýapylyş Dabarasy
  01.08.2025
1874
“Baky Tylla” BM-niň Bootcamp-nyň Ýapylyş Dabarasy

1-nji awgustda “Baky Tylla” Bilim Merkezi tarapyndan guralan “Deweloperler Bootcamp-ynyň” ýapylyş dabarasy üstünlikli geçirildi. Bu okuw maksatnamasy ýaşlaryň (18 ýaşdan uly) häzirki zaman programmirleme başarnyklaryny ösdürmekde we olaryň tejribe gazanmagynda we tejribelerini ösdürmeginde möhüm ädim boldy.

12 hepdelik bootcamp aşakdaky bölümler boýunça ýöredildi:

  • 1–4 hepde: Go diliniň esaslary, maglumat gurluşlary (map & struct), interfeýsler, goroutines, Go scheduler, HTTP & CRUD arkaly ulgamlaýyn aragatnaşyk.
  • 5–8 hepde: Parallel işleýiş nusgalary, maglumatlar bazasy we SQL, Postgres, Docker, keşiň (cache) ulanylyşy, synag esaslary we kodlamagyň standartlary.
  • 9–12 hepde: Paýlanan sistemalar, gRPC, middleware, Kafka, hasaba almak we yzarlamak, ölçegler, duýduryjylar hem-de jemleýji taslama.

Bu okuw meýilnamasy gatnaşyjylara hem teoriki düşünjeleri, hem-de amaly meseleleri çözmekde uly tejribe berdi.

Bootcamp giň gyzyklanma döretdi:

  • 122 dalaşgär isleg bildirdi.
  • 23 dalaşgär kabul edildi.
  • 8 gatnaşyjy üstünlikli tamamlady.

Okuwyň çylşyrymly we talapkärligine garamazdan, gatnaşyjylar bootcamp-e bolan yhlaslaryny we programmirlemäge bolan höweslerini görkezdiler. Bootcamp-yň dowamynda gatnaşlar halkara derejeli kompaniýalarda işleýän hünärmenlerden tälim aldylar.

Tejribelerini paýlaşan hünärmenler:

  • Kemal Köçekow – Backend inženeri, Yandex
  • Waliýan Ylýasow – Backend inženeri, Ozon
  • Agöýli Mergenow – Backend inženeri, eMekdep
  • Ahmet Hudaberdiýew – Backend inženeri, Belet
  • Yslam Orazow – Backend inženeri, Belet
  • Kerim Köçekow – PhD , HKUST, Ex-Getirian

Olaryň maslahatlary arkaly gatnaşyjylar diňe bir tehniki bilim däl, eýsem ýokary ýükli ulgamlarda we dünýä derejesindäki taslamalarda işlemek tejribesini özleşdirdiler we tejribelerini ýokarlandyrdylar. Bootcamp-yň iň gowy netije görkezen üç gatnaşyjysy sylaglandyryldy we Ozon, Yandex, Huawei ýaly halkara tehnologiýa kompaniýalaryna ugrukdyryjy hatlar (referral) berildi. Mundan başga-da, okuwyny üstünlikli tamamlan ähli gatnaşyjylar Türkmenistandaky öňdebaryjy IT kompaniýalaryna girmek üçin mümkinçilik gazandylar.

“Baky Tylla” Bilim Merkezi tarapyndan guralan “Deweloperler Bootcamp-y” ýurdumyzyň IT hünärmenleriniň täze neslini taýýarlamakda möhüm ädim boldy. Bu okuw diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, ýaşlary halkara mümkinçilikleri bilen baglanyşdyrýan möhüm platforma öwrüldi.

Giňişleýin maglumat üçin: bakytylla.com
E-poçta: baky.tylla@gmail.com


Oraz PENJIÝEW.