Arkadagly Gahryman Serdarymyz pähim-parasada ýugrulan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýmek bilen, döwletimiziň nurana geljegi bolan biz — ýaş nesillere uly ynam bildirýär. Şeýle belent ynama wepaly bolup, okap, öwrenip, döredip, berkarar Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak türkmen ýaşlarynyň mukaddes borjudyr.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýaşlar syýasatyna döwletimiz tarapyndan möhüm ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» we Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagy hem doly aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýeri gelende bellesek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylma, innowasiýalara we döredijilige bolan höwesini artdyrmak üçin anyk başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşikler, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy we Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy zehinli nesli ýüze çykarmakda, olaryň üstünliklerini höweslendirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň 170 ýeňijisiniň kesgitlenmegi, dürli ugurlardan zehinli ýaşlaryň 133-sine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy, Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň bolsa 103 zehinli çaga we döredijilik toparyna mynasyp görülmegi bu ugurdaky işleriň netijeliligini äşgär edýär.
Goý, biz ýaş nesiller üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Sona ABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.