Her gün diýen ýaly saçagymyzda peýdalanýan ösümlik ýagymyz ýönekeý önüm ýaly görünýär. Emma onuň galyba girýänçä geçýän ýoly birnäçe tapgyrdan ybarat bolup, onuň aňyrsynda oba hojalygy, himiýa, tehnologiýa, azyk önümçiliginiň howpsuzlygy we hünärmenleriň zähmeti birleşýär. Ösümlik ýagyny öndürmek hünäri hem hut şu ugurlaryň sazlaşygyny öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Ösümlik ýaglary dürli ýagly ekinleriň tohumlaryndan alynýar. Günebakar, pagta çigidi, künji, soýa we beýleki ösümlikler ýag önümçiligi üçin möhüm çig mal bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň şertlerinde pagtaçylygyň ösdürilmegi netijesinde pagta çigidinden alynýan ýag hem ýerli azyk senagatynda ähmiýetli önümleriň biridir. Ýerli çig maldan dürli önümleri öndürmek boýunça kärhanalarda pagta ýagyndan maýonez we margarin ýaly önümleriň hem taýýarlanylýandygy bellenilýär.
Ýag önümçiliginiň ilkinji we iň möhüm tapgyrlarynyň biri çig malyň hiline baha bermekden başlanýar. Tohumlar önümçilige kabul edilende olaryň çyglylygy, arassalygy we zeper ýeten ýa-da galyndy kömelekler bilen hapalanan bölekleriniň bardygy barlanýar. Çig malyň dogry saklanmagy hem geljekki önümiň hiline gönüden-göni täsir edýär. FAO-nyň maglumatlaryna görä, ýagly tohumlary degişli şertlerde guratmak we saklamak galyndy kömelekleriniň, zaýalanma prosesleriniň we önümiň hiliniň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga kömek edýär.
Soňra önümçiligiň esasy tapgyrlary başlanýar. Ýagly tohumlar arassalanýar, zerur ýagdaýda gabygyndan aýrylýar, ownadylýar we ýylylyk bilen işlenilýär. Bu işler tohumyň öýjüklerindäki ýagyň has netijeli bölünip çykmagyna şert döredýär. Soňra ýag mehaniki usul bilen, ýagny ýörite presslerde gysmak arkaly çykarylyp bilner. Uly önümçiliklerde bolsa ýagyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak üçin goşmaça ekstraksiýa usullary hem ulanylýar.
Şeýlelikde, ýag diňe tohumdan gysyp çykarylan görnüşinde taýýar önüm däldir. Çig ýagyň düzüminde reňke, ysa, durnuklylyga ýa-da beýleki aýratynlyklara täsir edýän maddalar bolup biler. Şonuň üçin önümiň maksadyna görä arassalamak we rafinasiýa etmek tapgyrlary geçirilýär. Bu işleriň dowamynda ýagyň düzümindäki käbir islenmeýän birleşmeler aýrylýar we önümiň daşky görnüşi, tagamy hem-de saklanyş durnuklylygy gowulandyrylýar.
Günebakar ýagynyň önümçiliginde, mysal üçin, arassalamakdan soň dürli rafinasiýa tapgyrlary ulanylýar. FAO-nyň maglumatlarynda degumifikasiýa, neýtrallaşdyrma, guratma, reňksizlendirme, dezodorizasiýa we mumlaşdyryjy maddalary aýyrmak ýaly tapgyrlaryň ulanylýandygy görkezilýär. Käbir ýagdaýlarda ýag sowadylyp, onuň düzümindäki mum görnüşli birleşmeler aýrylýar we şeýdip has dury önüm alynýar.
Ýag önümçiliginiň iň gyzykly taraplarynyň biri bolsa çig malyň hiç bir böleginiň diýen ýaly biderek galmazlygydyr. Ýag çykarylandan soň galýan şrot ýa-da ýagly galyndylar mallar üçin iýmit önümçiliginde peýdalanylýar. Mysal üçin, günebakar ýagyny öndürmekde galýan ýagly şrot beloga baý iýmit hökmünde ulanylýar. Şeýle çemeleşme önümçiligiň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümçilik galyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki döwrüň ösümlik ýagyny öndürmek hünärmeninden diňe önümçiligiň tehnologiýasyny bilmek ýeterlik däldir. Ol çig malyň düzüm aýratynlyklaryna, tehnologik enjamlaryň işleýşine, önümiň hil görkezijilerine, arassaçylyk kadalaryna we önümçiligiň howpsuzlygyna hem gowy düşünmelidir. Şonuň üçin bu hünär oba hojalygy bilen azyk senagatynyň arasynda möhüm baglanyşyk döredýär.
Çaryýew Alynazar
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
«Ösümlik ýagyny öndürmek» hünäriniň
5-nji ýyl talyby