logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Home / Interesting /Meýletinçilik barada gyzykly faktlar
  04.12.2025
2318
Meýletinçilik barada gyzykly faktlar

Halkara meýletinçiler güni Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy tarapyndan 1985-nji ýylda, meýletinçilik işi bilen meşgullanýan adamlaryň jemgyýetiň abadanlygyna we bütin dünýäde mätäçleriň durmuşyny gowulandyrmaga goşýan goşandyny ykrar etmegiň bir usuly hökmünde döredildi. Bu baýramçylyk 5-nji dekabrda bellenip geçilýär. Meýletinçilik, jemgyýetçilik hereketi hökmünde, adamlar maddy sylag garaşman, öz islegi bilen birek-birege kömek eden gadymy döwürlerden bäri döräpdir. Ýöne onuň häzirki zaman düşünjesi XIX asyrda kemala gelip başlady.

 

Sözüň Gelip Çykyşy: "Wolontýor" sözi fransuz dilinden gelip, manysy "meýletinçi" (volontaire) diýmekdir.

 

Meýletinçilik hereketi Russiýada uly gerime eýe bolup, oňa gatnaşyjylaryň we guramalaryň sany yzygiderli artýar. Gatnaşyjylaryň Sany: 9 milliondan gowrak adam özüni Russiýada meýletinçilik hereketiniň bir bölegi hasaplaýar, we taslamalaryň sany 124 müňden geçýär. Guramaçylyk Düzümi: Ýurtda 88 sany sebit derejeli meýletinçilik merkezleri işleýär (meýletinçilik hereketlerini utgaşdyrýarlar). 23 müň sany mekdep okuwçylarynyň meýletinçilik toparlary. Ýokary okuw jaýlarynda 664 sany meýletinçilik iş merkezleri hereket edýär.

 

Ýaş aýratynlyklary we Üýtgeşiklikler: Ýaşlaryň işjeňligi: 18–24 ýaş aralygyndaky ýaş rus raýatlary has köp kömek etmäge taýýar. Olaryň ýarysynyň eýýäm meýletinçilik tejribesi bar, we dörtden üç bölegi geljekde bu iş bilen meşgullanmak isleýär. Ýaşlaryň kömek görnüşleri: Ýaşlar haýwanlara ideg etmek, ýiten adamlary gözlemek, haýyr-sahawat aksiýalaryny geçirmek ýaly dürli kömek görnüşlerine gatnaşýarlar. Uly ýaşlylar: 45-den 59 ýaşa çenli bolan meýletinçiler köplenç abadanlaşdyryş we Harby Ýörite Operasiýa (SVO) gatnaşyjylara kömek etmek ýaly işleri saýlaýarlar. 60 ýaşdan soň meýletinçilik hereketine goşulyşmak azalýar, ýöne bu ýaşdaky meýletinçiler has ýygy-ýygydan SVO gatnaşyjylara kömek edýärler.

 

Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.