logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyz COP31-iň Liderler sammitine gatnaşdy ✦ ✦ COP31: Howanyň geljegi üçin dünýäni birleşdirýän maslahat ✦ ✦ COP31 maslahatynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmaklyga aýratyn üns berildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler
  18.11.2026
5
Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler

Ulag ýollary diňe bir ilatly ýerleri birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, ýolagçy we ýük gatnawlaryny ýeňilleşdirmekde hem möhüm orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda düýbi tutulan Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly ýurdumyzyň ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegine gönükdirilen iri taslamalaryň biridir.

Umumy uzynlygy 546 kilometre deň bolan täze awtomobil ýoly Aşgabat şäheriniň Oguz han suw çüwdürimler toplumyndan başlanýar. Dört tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilýän bu ýol häzirki zaman ulag talaplaryna laýyklykda taslanyldy. Onuň aýry-aýry böleklerinde hereket zolaklarynyň sany we ýer düşeginiň ini ýol hereketiniň şertlerine görä kesgitlenildi. Ýoluň paýtagta golaý başlangyç 9 kilometrlik bölegi sekiz hereket zolagyndan ybarat bolar. Beýleki böleklerde bolsa dört we alty zolakly hereket göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň möhüm bölekleriniň biri «Naýzalydepiz» oýtumynda guruljak uzynlygy 812 metr, ini 25 metr bolan iki gatnawly awtomobil köprüsidir. Şeýle hem ýoluň ugrunda öň bar bolan dokuz köpriniň durky täzelener. Sürüjileriň we ýolagçylaryň amatlylygy üçin 136 sany awtobus duralgasy, 13 sany awtoduralga meýdançasy hem-de köprä eltiji iki kilometrlik ýol gurlar.

Täze ýoluň aýratynlyklarynyň biri hem onuň döwrebap gözegçilik ulgamlary bilen üpjün edilmegidir. Taslamada ýedi sany polisiýanyň ýol gözegçilik nokadyny gurmak, wideogözegçilik we tizlik ölçeýji enjamlary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle çözgütler ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we gatnawlaryň düzgünli amala aşyrylmagyna ýardam bermek üçin niýetlenendir.

Aşgabat - Daşoguz ýolunyň ähmiýeti onuň diňe iki şäheriň arasyndaky gatnawy üpjün etjekdigi bilen çäklenmeýär. Ol ýurdumyzyň demirgazyk bölegini paýtagt bilen baglanyşdyryp, Demirgazyk - Günorta ugry boýunça ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine hem mümkinçilik döreder. Ýoluň ulanyşa berilmegi bilen ýolagçy we ýük gatnawlary üçin täze şertleriň döredilmegine, şeýle hem goňşy döwletler bilen söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine garaşylýar.

Häzirki zaman ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işine hem täsir edýär. Sebitleriň arasyndaky ulag baglanyşygynyň kämilleşmegi harytlaryň daşalmagyny ýeňilleşdirýär, logistika mümkinçiliklerini giňeldýär we täze ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga şert döredýär. Şonuň üçin Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygy paýtagt bilen demirgazyk sebitiň arasynda döwrebap ulag arabaglanyşygyny emele getirmäge gönükdirilen möhüm taslama bolup durýar.

Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Ýunus Geldiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy