Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gender deňligini ösdürmekde Türkmenistanyň alyp barýan işleri ✦ ✦ Роль цифровых решений в современном мире ✦ ✦ «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – sport parahatçylygyň ilçisi» atly dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi ✦ ✦ Ýaşyl ykdysadyýete geçmek ýurdumyzyň möhüm ugry ✦ ✦ Rumyniýada “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ” atly halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ XIV Uniwersiadanyň ýeňijileri sylaglandy ✦ ✦ Merkezi Aziýa geljegiň “energiýa jenneti” bolar ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “Sogd-2025” halkara söwda ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar ✦ ✦ Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Merkezi Aziýadaky hemişelik utgaşdyryjylarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Merkezi Aziýa geljegiň “energiýa jenneti” bolar
  15.05.2025
30
Merkezi Aziýa geljegiň “energiýa jenneti” bolar

Tutuş dünýäde bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem täzelenip bolýan energiýa çeşmelerine uly üns berilýär. Çünki, energiýanyň şeýle görnüşi geljekde adamzadyň geljegini has-da aýdyňlaşdyrmaga ýardam eder.

 

Has takyk belläp geçsek, Gazagystanda häzirki döwrüň hasaplamalara laýyklykda, jemi 3 032 MW kuwwatlygy bolan 153 sany täzelenip bolýan energiýa desgalary hereket edýär. Bu maglumatlar Gazagystan Ylymlar ministrliginiň we halkara guramalaryň hasabatlary esasynda taýýarlanyp, ýurduň maşgala boýunça elektrik öndürilişiniň 12%-iniň täzelenip bolýan energiýadan üpjün edilýändigini görkezýär. Şeýle-de, Gazagystan 2030-njy ýyla çenli umumy energiýasynyň 15%-ini, 2050-nji ýyla çenli bolsa 50%-ini täzelenip bolýan energiýa çeşmelerinden gazanmagy maksat edinýär.

 

Täzelenip bolýan energiýa çeşmeleriniň mukdar taýdan paýy boýunça Özbegistan hem öňdäki orunlarda durýar.  Özbegistanda 2022-nji ýylda önümçiligiň 9%-i täzelenip bolýan energiýa çeşmelerinden ybarat bolup,  bu mukdaryň 6 936 GWh-e çenli barabardygy anyklanyldy. Mundan başga-da, Täjigistanda energiýa öndürilişiniň 93%-i, Gyrgyzystanda bolsa 86%-i suw elektrik stansiýalaryndan gelýär.

 

Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň köp bölegi (99,99%) tebigy gazdan öndürilýär. Täzelenip bolýan energiýa çeşmelerine diňe 3,15 GWh (0,01%)  kuwwatlygy bolan Marydaky Hindiguş gidroelektrik stansiýasyny mysal getirmek bolar.

 

Şeýle-de bolsa, Türkmenistan Gün we ýel energiýalaryny öndürmeklik üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistanyň şertlerinde ýylyň dowamynda güneşli günüň dowamlylygy ortaça 2 774 sagat bolup durýar. UNDP-niň hasabatlaryna görä, Türkmenistan gymmatly ýer meýdanlaryny hasylly ulanmak bilen, 655 GW-a deň Gün we 10 GW ýel energiýalaryny almak mümkinçilig bar. Häzirki wagtda üstünde işlenilýän taslamalar hökmünde Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda gurulmagy meýilleşdirilýän ilkinji 10 MW-lyk “goşa” elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. (ol ýerde 7 MW gün we 3 MW ýel stansiýasy gurulmagy meýilleşdirilýär). Şeýle hem, 2022-nji ýylda Türkmenistanda ýurduň ilkinji uly göwrümli gün elektrik stansiýasyny gurnamak boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy (“Masdar” kompaniýasy) bilen ylalaşyk baglaşyldy. Türkmen hökümeti bu we beýleki gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar arkaly daşarky taslamalary öz içine alýan “ýaşyl energiýa” maksatnamasyny iş ýüzüne geçirip, dünýäniň häzirki guramaçylyk we ylalaşykly energiýa taslamalaryna goşant goşýar.

 

Ýakyn geljekde Merkezi Aziýa sebiti öz tebigy şertlerinden peýdalanyp, ulgamlaryny kämilleşdirmäge dowam eder. Bu sebite girýän ähli döwletler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary alyp baran ýagdaýynda dünýäniň geljekki möhüm halkara derejeli arassa energiýa merkezleriniň biri bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň özara bähbitli taslamalary we hyzmatdaşlyklary netijesinde Merkezi Aziýa geljekde “täzelenip bolýan energiýanyň jenneti” diýen derejä ýetmegine garaşylýar. Bu ýagdaý hem sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de daşarky bazarlara arassa energiýany eksport etmäge mümkinçilik döreder.

 

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.