 
              
 
            2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda halkara çäre geçirildi. Bu çäre şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek ýokary derejeli Halkara foruma taýýarlyk işleriniň çäklerinde guraldy. Forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.
«Türkmenistan bilen tanyşlyk: onuň daşary syýasaty, medeni mirasy we syýahatçylyk mümkinçilikleri» ady bilen geçirilen bu çäre barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda giňden habar berildi.
Dabara Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Seul şäherindäki “Ambassadors’ Spouses Association in Seoul” (ASAS) birleşiginiň agzalary, şeýle hem Koreýanyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň, medeni guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew öz çykyşynda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyň ähmiýetine giňden düşündiriş berdi. Ol çykyşynda Türkmenistanyň dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak, halkara hyzmatdaşlyk we medeni gatnaşyklary ösdürmekde tutýan ornuny aýratyn nygtady. Ilçi forumyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dost-doganlygy, düşünişmegi we parahatçylykly gatnaşyklaryň pugtalanylmagyny maksat edinýän halkara meýdança boljakdygyny belledi.
Begenç Durdyýew şeýle hem koreý tarapyny hem-de Koreýadaky diplomatik korpusy forumda işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Onuň belleýşi ýaly, bu halkara çäre öňüni alyş diplomatiýasynyň, durnukly ösüşiň we ählumumy parahatçylygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin mümkinçilik döreder.
Çäräniň dowamynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijiligine degişli kitaplaryň sergisi guraldy. Kitap sergisinde olaryň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy we ösüşi öňe sürýän pikirleri bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi.
Şeýle-de, myhmanlar üçin türkmen halkynyň baý medeni we ruhy mirasyny görkezýän sergiler hem görkezildi. Türkmen Ak öýüniň içinde döredilen sergide milli senetçilik nusgalary, halylar, nagyş-bezeg işleri we çeperçilik gymmatlyklary ýerleşdirildi.
Dabara tamamlanandan soňra myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi. Bu çäre gatnaşanlaryň arasynda Türkmenistanyň dostlukly medeni mirasyna bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy hem-de ýurdumyzyň dünýä derejesindäki parahatçylykly başlangyçlarynyň beýany boldy.
Serdar ÝAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
 
             
                     
                         
                         
                         
                         
                     
                         
                         
                         
                        