Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýazky gije-gündiz deňleşmesi haçan başlanýar? ✦ ✦ Sanly ulgam bilen üstünliklere tarap ✦ ✦ Arkadag şäherine Üstünlik güwanamasy gowşuryldy ✦ ✦ Nowruz — tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy ✦ ✦ Ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi ✦ ✦ Innowasion ulgamyň ösüşi ✦ ✦ Ülkämize bahar geldi! ✦ ✦ Nowruz geldi ilime! ✦ ✦ Oraza aýy – päkizelik we agzybirlik aýy ✦ ✦ “Türkmenistanyň taryhy” dersinden bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ýazky gije-gündiz deňleşmesi haçan başlanýar?
  15.03.2025
46
Ýazky gije-gündiz deňleşmesi haçan başlanýar?

Ýazky gije-gündiz deňleşmesi tebigatyň täzeden janlanmagyny alamatlandyrýan aýratyn astronomiki waka bolup, takmynan mart aýynyň 21-ne gabat gelýär. Bu gün tebigatda täze tapgyryň başlanýandygyny görkezýär—gije bilen gündiz deňleşýär, gün uzalmaga başlaýar, tebigat täze durmuşa girişýär. Bu sebäpden, müňýyllyklaryň dowamynda dürli halklar bu güni aýratyn bellemegi endik edinipdirler.

 

Nowruz baýramy ýazky gije-gündiz deňleşmesi bilen baglanyşykly iň gadymy we giňden ýaýran baýramçylyklaryň biridir. Alymlar onuň taryhynyň 3000-3500 ýyl mundan ozal başlandygyny çaklaýarlar. Gadymy Mesopotamiýa, Eýran, Orta Aziýa we Günorta Kawkaz sebitlerinde Nowruz täze ýylyň başlangyjy hökmünde bellenilipdir. Meşhur alym N.Krameriň “Taryh Şumerde başlaýar” atly eserinde bu baýramyň şumerleriň ruhy medeniýetinde möhüm orun tutandygy nygtalýar. Şeýle-de, “Gilgameş” şumer dessanynda bu gün “Täze ýyl”, “Täze gün” we “Baharyň ilkinji güni” hökmünde häsiýetlendirilýär.

 

Orta asyrlarda ýaşan alymlaryň we şahyrlaryň eserlerinde hem Nowruz bilen bagly maglumatlara gabat gelmek bolýar. Abu Reýhan Birunynyň “Geçen nesilleriň ýadygärlikleri” atly kitabynda bu baýramyň geçirilmegi barada giňişleýin beýan edilýär. Ol Nowruzyň gije-gündiziň deňleşýän gününde bellenilendigini we Horezm patyşalarynyň köşgünde dabaraly ýagdaýda geçirilendigini ýazypdyr.

 

Türkmen halky hem Nowruzy gadymy döwürlerden bäri tebigatyň täzelenmeginiň, bereket we abadançylygyň nyşany hökmünde belläpdir. Gadymy döwürlerden bäri Nowruz bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlar saklanyp galypdyr:

Nowruzda bugdaýdan taýýarlanylýan semeniniň bişirilmegi esasy däplerden biridir. Mundan başga-da, dürli süýji we etli tagamlar taýýarlanylyp, birek-birege myhmançylyk edilýär. Baýramçylykdan öň öýleri arassalamak, täze egin-eşik geýmek we töweregi abadanlaşdyrmak däp bolupdyr. At çapyşyklary, göreş bäsleşikleri, milli oýunlar we aýdym-sazly dabaralar Nowruz bilen bagly ýörite çäreleriň bir bölegi bolupdyr.


Nowruz baýramy diňe bir belli bir sebit bilen çäklenmän, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça giň ýaýrawa eýe bolupdyr. Gadymy Horezm patyşalarynyň köşgünde Nowruzyň giň gerimde bellenilendigi barada Birunynyň ýazgylarynda hem anyk deliller bar. Bu baýramçylyk köpasyrlyk medeni gatnaşyklaryň berkemegine hem-de halklaryň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edipdir.

 

Nowruz diňe bir taryhy-medeni baýramçylyk bolman, eýsem, astronomiki jähtden hem tebigatyň täze tapgyra geçişini alamatlandyrýar. Ýer şary Günüň töwereginde öwrülip, şu pursatda gije bilen gündiz deňleşýär. Munuň yzysüre gündiz gijeden uzaga çekip, güýzde bolsa gaýtadan deňleşýänçä dowam edýär.

 

Ýazky gije-gündiz deňleşmesi tebigatyň janlanýan, adamlaryň täze niýetler bilen öňe barýan, täzelenmegi, ösüşi, ruhy we fiziki arassalanmagy alamatlandyrýan pursatlarynyň biridir. Nowruz baýramy bolsa, bu astronomiki hadysa bilen berk baglanyşykly bolup, asyrlaryň dowamynda türkmen medeniýetinde hem möhüm orun eýeläpdir. Bu däpler we miras halklaryň taryhy tejribeleriniň bir bölegi bolup, geljek nesillere geçirilmelidir.

 

Berdimyrat BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.