logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
  19.05.2026
360
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni

Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, döwlet dolandyryşy Prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň syýasy gurluşynyň esaslary 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen berkidildi. Şol gün milli taryhymyzda aýratyn ähmiýete eýe bolup, 1994-nji ýylyň 26-njy dekabryndaky karara laýyklykda her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni hökmünde dabaraly bellenilýär.

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolup, jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň hukuk binýadyny emele getirýär. Onda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet edaralaryna bölünmegi, olaryň özara sazlaşykly we garaşsyz hereket etmegi göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna we kanunylygyň üpjün edilmegine hyzmat edýär.

 

Aşgabat şäheriniň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän beýik Döwlet baýdagy halkymyzyň buýsanjynyň, Watana bolan söýgüsiniň we döredijilik ruhunyň nyşany hökmünde belentde pasyrdaýar. Köpetdagyň etegindäki bu ajaýyp baýdak türkmen halkynyň parahatçylyk, agzybirlik we ösüş ýoluna ygrarlydygyny dünýä äşgär edýär.

 

Soňky ýyllarda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler netijesinde şäherlerdir obalaryň keşbi düýpli özgerýär, ykdysady kuwwat artýar, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar. Mukaddes Döwlet baýdagynyň astynda jebisleşen türkmen halky döredijilikli zähmet çekip, geljege uly ynam bilen nazar salýar.

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, milli bitewüligimiziň we döwletlilik ýörelgelerimiziň aýdyň beýanydyr. Döwlet baýdagymyzdaky haly gölleri, bäş ýyldyz we ýarym aý türkmen halkynyň taryhy mirasyny, agzybirligini we durmuşyň baky täzelenişini alamatlandyrýar.

 

Häzirki döwürde Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginde mynasyp orun eýeleýän, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde tanalýar. Her ýylyň 18-nji maýynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni halkymyzyň döwlet nyşanlaryna bolan çuňňur hormatyny, milli gymmatlyklarymyza we röwşen geljegimize bolan berk ynamyny has-da dabaralandyrýar.

 

Alihan AHMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.