logo

Soňky täzelikler:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Güýz paslynyň sary ýapraklary
  22.11.2020
27525
Güýz paslynyň sary ýapraklary

      Türkmen nakgaşlary dürli döwürlerde pasyllara görä birnäçe eserleri döredipdirler. Öz gezeginde türkmen şekillendiriş sungaty edebiýat bilen baglanşykda gelýär. Her bir paslyň özüne mahsus gözelligi, reňk öwüşgünleri bolýar. Şeýle gözelligi döredip ony halka ýetirýän hem şekillendiriş sungatynyň wekilleridir. Pasyllaryň arasynda güýz pasly has-da tapawutlanýar. Sebäbi ýapraklar saralyp, ýetişen miweler ýygnalyp ýylyň jemi jemlenýär. Güýz paslynyň gözelligini şekillendiriş sungatynyň wekilleri bilen birlikde ýazyjy şahyrlarymyzam hem öz eserlerinde wasp edýärler. Güýz paslyny ýatlanyňda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň goşgulary ýadyňa düşýär. Şahyr “Güýz” atly goşgusynda şeýle belleýär:

 

Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.

Ýaprak saralanda durlanýar pikir.

Ýatlaýan geçeni önküden köpräk,

Hem diýýän: «Onatlyk, Hudaýa sükür!»

 

Ýylyň-ýylyna tirkeşip gelýän dört paslyň her haýsysynyň özüne mahsus ajaýyp gözelligi bar. Pasyllaryň arasynda güýz pasly bereketli aýlaryň biridir. Ekin meýdanlarynda miweler ýetişýär, baglaryň şahalaryna görk beren ýaşyl ýapraklar saralyp ýere düşýär. Ol sarylyk ýöne bir sary bolman, eýsem, owadan, ýumşak hem agras sarydyr. Ol sarylykda ähli pasyllaryň reňki bar. Güýz pasly sungat adamlarynyň ýüreklerine ylham berýän pasyldyr.

Her bir güliň ysy deň bolmaýşy ýaly pasyllar hem özüniň gözelligi bilen aklyňy haýrana goýýar, ýürekleri joşdurýan. Şahyrlar goşgy ýazýar, sazandalar saz çalýar, bagşylar aýdym aýdýar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary bolsa tebigatyň gaýtalanmajak reňk sazlaşykly gözelligini kagyzdyr kendiriň ýüzünde şekillendirýärler. Güýzüň gelmegi tebigatyň hakyky häsiýeti özüniň reňk baýlygy ýagny daş töweregiň dürli reňkler bilen şöhle saçmagy bilen döredijilik adamsyny joşdurýar.