logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dalaşgärler üçin açyk we sanly maglumat portaly işe girizildi
  23.07.2025
2544
Dalaşgärler üçin açyk we sanly maglumat portaly işe girizildi

Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda täze sanly başlangyç amala aşyryldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025-nji ýylda ýokary okuw jaýlaryna kabul edilişligiň ýagdaýyny açyk görkezmek maksady bilen, dalasgar.bilim.tm atly maglumat platformasyny işe girizdi.


Bu interaktiw onlaýn çeşme, ýokary okuw jaýlaryna girmäge synanyşýan dalaşgärler üçin möhüm ähmiýete eýe. Platformanyň üsti bilen ulanyjylar her bir ýokary okuw mekdebinde, her bir hünär boýunça näçe resminamanyň tabşyrylandygyny, arzalaryň gelip gowşan sebitlerini we bäsdeşlik derejesini hakyky wagt düzgüninde yzarlap bilerler.


Ministrligiň beren maglumatyna görä, bu ulgam dalaşgärlere öz taýýarlyk derejesine hakyky baha bermäge, mümkinçiligini seljermäge we dogry hünär saýlamaga kömek eder. Şeýle hem platforma arkaly resminamalaryň tabşyrylma depginini her gün yzarlamak mümkinçiligi döredilýär.


Täze sanly çözgüt, ýokary okuw jaýlaryna kabul edilişlikde aç-açanlygyň we adalatlylygyň üpjün edilmegine, şeýle-de ýaşlaryň bilim ýolunda seljeriji we düşünjeli karar kabul etmegine gönükdirilendir. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynda maglumat elýeterliliginiň, sanly gurşawyň we raýatlara hyzmatyň täze derejesidir.


dalasgar.bilim.tm — diňe bir sanly platforma däl, eýsem her bir ýaş dalaşgäriň arzuw edýän ýokary okuw jaýyna ynamly ädim ätmegine ýardam edýän ýolbeledir.