Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň öwredilmegine aýratyn üns berilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem munuň şeýledigini görkezýär. Dil — halklaryň ruhy baýlygyny, medeniýetini, taryhyny we dünýägaraýşyny özünde jemleýän gymmatlykdyr. Ol diňe bir adamlaryň özara düşünişmeginiň serişdesi bolman, eýsem, halklary we döwletleri ýakynlaşdyrýan, dürli medeniýetleri birleşdirýän köprüdir. Şonuň üçin daşary ýurt dillerini öwrenmek häzirki döwrüň ýaşlary üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
Häzirki zaman şertlerinde dünýäde bolup geçýän syýasy, ykdysady, ylmy we medeni ösüşlerden habarly bolmak üçin birnäçe dili bilmek uly mümkinçilikleri döredýär. Daşary ýurt dillerini öwrenýän adam täze sözleri we grammatik kadalary özleşdirmek bilen birlikde, dünýä halklarynyň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary, edebiýaty bilen hem tanyşýar. Bu bolsa dünýägaraýşymyzyň giňemegine, dürli garaýyşlara düşünmegimize we öz pikirimizi erkin beýan etmegimize ýardam edýär.
Halkymyzda «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly nakyllar hem dil öwrenmekligiň ähmiýetini aýdyň görkezýär. Aýratyn-da, ýaşlaryň dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Sebäbi häzirki wagtda halkara gatnaşyklary, diplomatiýa, žurnalistika, ylym, tehnologiýa we ykdysadyýet ýaly ugurlarda daşary ýurt dillerini bilmek hünär taýdan üstünlik gazanmagyň esasy şertleriniň birine öwrüldi. Birnäçe dili bilýän ýaş hünärmen dünýäniň dürli künjeklerindäki kärdeşleri bilen tejribe alyşmakda, halkara taslamalaryna gatnaşmakda we täze mümkinçiliklerden peýdalanmakda has uly artykmaçlyklara eýe bolýar.
Dil öwrenmekde esasy zat diňe bir okuw kitaplary bilen çäklenmän, ony gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwürmekdir. Daşary ýurt dillerinde kitap okamak, filmlere tomaşa etmek, gepleşikleri diňlemek, täze sözleri öwrenmek we şol dilde pikirlenmäge çalyşmak netijeli usullaryň hatarynda durýar. Şeýle hem yzygiderlilik we sabyrlylyk dil öwrenmegiň esasy şertleridir.
Şeýlelikde, dil öwrenmek diňe bir şahsy ösüşiň däl, eýsem, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem möhüm serişdesidir. Her bir täze dil adamyň öňündäki täze dünýäniň açarydyr.
Goý, biz — geljekki halkaraçy hünärmenleriň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Güljahan BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.