logo

Soňky täzelikler:
✦ COP31 maslahatynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmaklyga aýratyn üns berildi ✦ ✦ COP31 maslahatynyň çäklerinde Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek barada tematiki sessiýa geçirildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkezi Aşgabatda ýerleşer ✦ ✦ Antalýada dünýäniň ünsüni özüne çeken COP31 maslahaty öz işine başlady ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň esasy maksady ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /COP31 maslahatynyň çäklerinde Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek barada tematiki sessiýa geçirildi
  15.11.2026
16
COP31 maslahatynyň çäklerinde Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek barada tematiki sessiýa geçirildi

Durnukly ösüş tebigy baýlyklary goramak, daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak we ilatyň ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň çäkliligi we gurakçylyk ýaly meseleler aýratyn-da deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin bu ugurda ylmy tejribäni paýlaşmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak we bilelikdäki taslamalary ösdürmek zerurdyr.

 

2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän COP31 maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň pawilýonynda «Awazadan Antalýa: howa hereketlerini ilerletmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek» atly ikinji tematiki sessiýa geçirildi.

 

Duşuşyk 2025-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji BMG-niň maslahatynyň netijesinde kabul edilen 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amaly ähmiýetine bagyşlandy. Maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak, döwrebap tehnologiýalara elýeterliligi giňeltmek we ekologik taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur mümkinçilikleri ösdürmekden ybaratdyr.

 

Tematiki sessiýa dürli ýurtlaryň wekillerini, halkara guramalaryň we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Duşuşygyň dowamynda Butan, Gyrgyzystan, Boliwiýa, Botswana, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Mongoliýa ýaly ýurtlaryň wekilleri howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça tejribeleri bilen paýlaşdylar. Şeýle hem durnukly ösüşi üpjün etmekde we sebit derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Aýratyn pikir alyşmalarda suw we beýleki tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, howa şertlerine durnukly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologik başlangyçlary maliýeleşdirmek meselelerine üns berildi. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG), Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlaryň wekilleri bilelikdäki howa taslamalaryny taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek üçin tehnologik goldawyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

 

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň möhüm aýratynlygy onuň diňe bir maksatlary kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem şol maksatlara ýetmek üçin amaly çäreleri hem göz öňünde tutýanlygydyr. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürmek we täze tehnologiýalary peýdalanmak ýaly ugurlar bu maksatnamanyň netijeli amala aşyrylmagynda möhüm orun eýeleýär.

 

Awazada başlanan tejribe alyşmak işiniň Antalýada dowam etdirilmegi ekologik meseleleriň çözgüdinde bilelikdäki hereketleriň ähmiýetini görkezýär. Sebäbi tebigy baýlyklary goramak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça gazanylýan netijeler diňe bir aýratyn başlangyçlara däl, eýsem olaryň yzygiderli dowam etdirilmegine hem baglydyr.

Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Toýlynyýaz Şirmämmedow,
Türkmen Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy