logo

Soňky täzelikler:
✦ Gahryman Arkadagymyz COP31-iň Liderler sammitine gatnaşdy ✦ ✦ COP31: Howanyň geljegi üçin dünýäni birleşdirýän maslahat ✦ ✦ COP31 maslahatynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmaklyga aýratyn üns berildi ✦ ✦ COP31 maslahatynyň çäklerinde Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek barada tematiki sessiýa geçirildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkezi Aşgabatda ýerleşer ✦ ✦ Antalýada dünýäniň ünsüni özüne çeken COP31 maslahaty öz işine başlady ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň esasy maksady ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi
  24.10.2026
320
Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi

Ýakynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna gözegçilik edýän ministrleriniň köp dilli bilim bermek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan tegelek stoly geçirildi.

 

Foruma sebitiň döwletleriniň degişli edaralarynyň wekilleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdylar.

 

Duşuşygyň dowamynda köp dilli bilim bermek boýunça halkara çemeleşmeleri nazara almak bilen, milli bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Gatnaşyjylar dil başarnyklaryny ösdürmegiň, bilim maksatnamalarynyň hilini ýokarlandyrmagyň we mugallymlaryň hünär mümkinçiliklerini berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.

 

Birnäçe dilde okatmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga, degişli okuw-usulyýet materiallaryny taýýarlamaga we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmagyň mehanizmlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem mekdebe çenli we başlangyç bilim ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary guramagyň mümkinçiliklerine garaldy.

 

Geçirilen duşuşyk milli tejribeleri alyşmak we bilimiň hilini hem-de elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

 

Mähriban GARAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.