Halklaryň abadan durmuşda ýaşamagy, döwletleriň özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk esasynda ösüş gazanmagy parahatçylygyň we ynanyşmagyň berk binýadyna daýanýar. Häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda bu gymmatlyklar aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara giňişliginde ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly usullar arkaly çözmegiň hem-de umumadamzat bähbitlerini goramagyň möhüm serişdesi hökmünde çykyş edýär.
Häzirki wagtda islendik döwletiň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üçin oýlanyşykly, pähim-paýhasa esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirmegi zerur. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hem milli döwletlilik ýörelgelerimiziň, daşary syýasatymyzyň we halkara hyzmatdaşlygymyzyň aýrylmaz bölegidir. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy üç gezek ykrar edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegine giň mümkinçilikleri açdy.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, halkara giňişliginde oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyz sebitde we dünýäde howpsuzlygy berkitmek, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli teklipleri öňe sürýär. Bu başlangyçlar döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmaga, umumy maksatlaryň daşynda birleşmäge ýardam berýär. Bu ýörelge ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde hem möhüm ähmiýete eýedir. Çünki parahatçylygyň gadyryny bilmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryna sarpa goýmak we dünýä halklaryna hormat bilen garamak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Bu gymmatlyklar ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär, olary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge ruhlandyrýar.
Goý, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri öňe sürmek bilen, döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Süleýman GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.