Ylmy ösüş adamzadyň durmuşyny ýeňilleşdirmek bilen çäklenmän, tebigaty goramakda hem täze mümkinçilikleri döredýär. Häzirki döwürde emeli hemra gözegçiligi, sanly maglumat seljermesi, howa çaklamalary we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ekologik meseleleriň öňüni almakda giňden ulanylýar.
Howanyň üýtgemeginiň täsirlerini wagtynda kesgitlemek we degişli çäreleri görmek üçin takyk maglumatlar zerurdyr. Mysal üçin, howanyň temperaturasyndaky üýtgeşmeleri, ýagynlaryň mukdaryny, topragyň çyglylygyny we suw serişdeleriniň ýagdaýyny yzygiderli öwrenmek ýerli şertlere laýyk çözgütleri saýlamaga mümkinçilik berýär.
COP31-iň çäklerinde tanyşdyrylan Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň esasy maksatlarynyň biri-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabatda ýerleşjek bu merkeziň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylmy tejribäni paýlaşmak we sebit taslamalaryny goldamak boýunça işleri alyp barmagy göz öňünde tutulýar.
Merkeziň işi alymlar, inženerler, ekologlar we beýleki hünärmenler üçin tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri açyp biler. Sebäbi howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözgüdi diňe bir ugurdaky bilimlere däl, eýsem dürli ylymlaryň özara utgaşmagyna hem baglydyr.
Mysal üçin, oba hojalygynda topragyň ýagdaýyny öwrenýän ylmy barlaglar bilen sanly suwaryş ulgamlarynyň utgaşdyrylmagy suw we zähmet serişdelerini tygşytlamaga kömek edýär. Energetika ulgamynda bolsa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi tebigy baýlyklara düşýän agramy azaltmaga şert döredýär.
Şeýle-de ekologik bilimleriň okuw ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy geljekki hünärmenleriň tebigata jogapkärçilikli garaýşyny kemala getirmekde möhümdir. Ýaşlaryň ylmy taslamalara gatnaşmagy, täze pikirleri öňe sürmegi we tehnologiýalara gyzyklanma bildirmegi bu ugurdaky ösüşiň möhüm bölegidir.
Ylym bilen tehnologiýanyň mümkinçilikleri tebigaty goramak işinde netijeli peýdalanylanda, ekologik meseleleriň çözgüdi has anyk we elýeterli bolýar. Şonuň üçin innowasiýalara maýa goýmak diňe bir häzirki günüň däl, eýsem geljegiň hem zerurlygydyr.
Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Tawus Seýitliýewa,
Türkmen Döwlet energetika institutynyň mugallymy