2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy.
Dünýäniň 200-e golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, ministrleriň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen sammitde howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, oba hojalygy, energetika, ulag, maliýe, tehnologiýalar we zyňyndylary azaltmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Liderler sammitinde çykyş eden Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny belläp, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçdi.
Şeýle hem Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz işine başlajakdygyny habar berdi. Çykyşda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, çölleşmä garşy göreşmek we tebigy serişdeleri durnukly peýdalanmak boýunça täze halkara başlangyçlar hem öňe sürüldi.
Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti