logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly
  20.11.2026
8
Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly

Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr. Bitaraplyk — munuň özi asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillenmesidir, arkaýyn okamak, öwrenmek, döretmek mümkinçiligidir. Çünki hemişelik Bitaraplyk — baky abadançylykdyr.

 

Geçen ýyllar döwletimiziň öz saýlap alan syýasy ýoluna doly wepalydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde subut etmegi başardy. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem hut şu ýerde — gözel paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy şol tagallalaryň netijesidir.

 

Gahryman Arkadagymyz şu güne çenli BMG-niň sessiýalarynda diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürüpdi. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem şeýle oňyn işleriň mynasyp dowamyny alyp barýar.

 

Aýperi AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.