Oba hojalygynda hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin topragyň ýokumly maddalar bilen üpjün edilmegi möhüm şertleriň biridir. Şunda azotly dökünler ösümlikleriň ösüşinde we oba hojalyk ekinleriniň hasyl berijiliginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin bu görnüşli dökünleriň senagat möçberinde öndürilmegi oba hojalygynyň önümçilik üpjünçiligi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän täze senagat toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Taslama laýyklykda, kärhanada ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra öndürmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, toplumyň ýyllyk umumy önümçilik kuwwaty 700 müň tonna deň bolar.
Täze önümçilik toplumynda esasy çig mal hökmünde tebigy gaz ulanylar. Desganyň taslamasynda onuň ýylda 630 million kub metr möçberinde sarp edilmegi göz öňünde tutulýar. Önümçilikde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalaryny, energiýa we serişdeleri tygşytlamaga gönükdirilen inženerçilik çözgütlerini ulanmak meýilleşdirilýär.
Taslamanyň durmuşa geçirilmeginde «GAP Inşaat» gurluşyk kompaniýasynyň Germaniýanyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlemegi göz öňünde tutulýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ammiak, karbamid we ammiak selitrasyny öndürmek boýunça ýöriteleşdirilen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär.
Täze toplumda öndüriljek dökünler ilkinji nobatda ýurdumyzyň oba hojalyk sarp edijileriniň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem öndüriljek karbamidiň esasy bölegini daşary ýurtlara eksport etmek göz öňünde tutulýar. Taslamanyň ýene bir möhüm tarapy onuň täze iş orunlaryny döretmegidir. Toplumyň işe girizilmegi bilen müňden gowrak adamyň zähmet çekmegine mümkinçilik dörediler.
Dökün önümçiliginiň giňeldilmegi oba hojalygy üçin zerur serişdeleriň üpjünçiligini pugtalandyrmaga, himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam edip biler. Şeýle hem täze kärhanada işlejek hünärmenleriň taýýarlanylmagy we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy pudagyň işgärler binýadyny berkitmekde möhüm orun eýelär.
Garaşsyzlyk etrabynda guruljak toplum ýerli tebigy serişdelerden peýdalanyp, oba hojalygy we himiýa senagaty üçin möhüm önümleri öndürmäge gönükdirilen iri önümçilik taslamasydyr.
Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Gurbanmyrat Rejepow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy