logo

Soňky täzelikler:
✦ Gahryman Arkadagymyz COP31-iň Liderler sammitine gatnaşdy ✦ ✦ COP31: Howanyň geljegi üçin dünýäni birleşdirýän maslahat ✦ ✦ COP31 maslahatynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmaklyga aýratyn üns berildi ✦ ✦ COP31 maslahatynyň çäklerinde Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek barada tematiki sessiýa geçirildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkezi Aşgabatda ýerleşer ✦ ✦ Antalýada dünýäniň ünsüni özüne çeken COP31 maslahaty öz işine başlady ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň esasy maksady ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /COP31: Howanyň geljegi üçin dünýäni birleşdirýän maslahat
  15.11.2026
4
COP31: Howanyň geljegi üçin dünýäni birleşdirýän maslahat

Howanyň üýtgemegi häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň biri bolup, onuň täsiri dünýäniň ähli künjeklerinde duýulýar. Temperaturanyň ýokarlanmagy, gurakçylygyň güýçlenmegi, suw serişdeleriniň azalmagy we tebigy hadysalaryň ýygylaşmagy adamzady täze çözgütleri gözlemäge iterýär. Şeýle meseleleriň çözgüdini bilelikde ara alyp maslahatlaşmak we netijeli çäreleri kesgitlemek maksady bilen her ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty - COP geçirilýär.

 

COP iňlis dilindäki Conference of the Parties sözleriniň gysgaldylan görnüşidir. Ol gatnaşyjy taraplaryň maslahaty diýmegi aňladýar. Bu halkara duşuşyklar 1995-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilip, dünýä ýurtlarynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça umumy hereketlerini utgaşdyrmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. 2026-njy ýylda geçirilýän COP31 bolsa bu maslahatyň 31-nji tapgyrydyr.

 

Şu ýylyň 9–20-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän COP31-e dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet wekilleri, alymlar, telekeçiler, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Maslahatyň esasy maksady howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak, onuň netijelerine uýgunlaşmak, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny peseltmek we ekologik başlangyçlary maliýeleşdirmek ýaly meselelerde bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

 

Maslahatda diňe bir ekologik meseleler ara alnyp maslahatlaşylman, eýsem olary çözmekde ylmyň we döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine hem uly ähmiýet berilýär. Suw serişdelerini tygşytlamak, arassa energiýa çeşmelerini ösdürmek, galyndylary azaltmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we şäherleriň howa şertleriniň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlar hem üns merkezindedir. Esasy maksat gazanylan ylalaşyklary anyk hereketlere we netijelere öwürmekdir.

 

Türkmenistan hem COP31-e milli pawilýony bilen gatnaşýar. Onda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek boýunça konsepsiýa tanyşdyryldy. Aşgabatda ýerleşjek bu merkeziň 2027-nji ýylda işe başlamagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem 2025-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijesinde kabul edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça tematiki sessiýa geçirildi. Howanyň üýtgemegine gözegçilik etmek we onuň netijelerini öwrenmek maksady bilen sanly atlas taýýarlamak başlangyjy hem öňe sürüldi.

 

Bu başlangyçlar Türkmenistanyň tebigy baýlyklary goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we Merkezi Aziýada ekologik tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga gönükdirilen tagallalaryny görkezýär.

 

COP31 ýaly halkara maslahatlaryň ähmiýeti dünýäniň dürli ýurtlaryny umumy maksatlaryň daşyna jemlemek bilen çäklenmeýär. Olaryň esasy gymmaty ara alnyp maslahatlaşylan pikirleriň we teklipleriň durmuşa geçirilmeginde ýüze çykýar. Sebäbi arassa daşky gurşawy goramak diňe bir döwletleriň ýa-da hünärmenleriň däl, eýsem her bir adamyň gatnaşmagyny talap edýän umumy jogapkärçilikdir. Geljek nesillere ýaşamak üçin amatly dünýäni galdyrmak bolsa şu günki hereketlerimize baglydyr.

Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Akmämmet Muhammetnyýazow,
Türkmen Döwlet energetika institutynyň mugallymy