logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy
  23.10.2026
11
Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde «Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş» atly Bütindünýä sammita gatnaşdy.

 

Bütindünýä Samarkant sammiti Özbegistan Respublikasynyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çagalara garşy zorluk meseleleri boýunça ýörite wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Bütindünýä banky bilen bilelikde guraldy. Dünýäniň 100-den gowrak döwletinden wekilleriň gatnaşmagy çagalara degişli meseleleriň halkara derejesinde möhüm orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.

 

Bu halkara çäräniň maksatnamasy mazmun taýdan giň bolup, açylyş we plenar mejlisleri, üç sany ugurdaş sessiýany, Çaga onkologiýasy boýunça ikinji halkara maslahaty, şeýle hem beýleki degişli çäreleri we tanyşdyrylyş gezelençlerini öz özünde jemledi.

 

Halkara forumyň esasy maksady çagalaryň goraglylygy, durmuş üpjünçiligi, saglygy goraýyş, bilim we irki ösüş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmekden, şeýle hem bu ugurlardaky halkara tejribeleri alyşmakdan ybarat boldy. Şunuň bilen baglylykda, sammit dünýä ýurtlarynyň arasynda pikir we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

 

Sammitiň açylyş dabarasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýüzlenmesi okaldy. Halkara maslahatyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýüzlenmesi hem köpçülige ýetirildi.

 

Şeýle-de çäräniň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň başlygy Halilur Rahman, Özbegistan Respublikasynyň Birinji hanymy Ziroat Mirziýoýewa, wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina Mohammet, BMG-niň Baş sekretarynyň çagalara garşy zorluk meseleleri boýunça ýörite wekili Najat Maalla M’jid hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky çagalaryň goragy boýunça milli agentligiň direktorynyň orunbasary Şahnoza Mirziýoýewa dagy çykyş etdiler.

 

Çykyşlarda çagalaryň saglygyna aýratyn üns berildi. Olara edilýän lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmak, çagalaryň saglygy bilen bagly ugurlara goýulýan maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, olaryň erkin bilim almak mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de durmuş goraglylygyny üpjün etmek bilen bagly garaýyşlar halkara maslahatyň esasy meseleleriniň hatarynda boldy.

 

Sammitiň çäklerinde «Dünýä çaganyň garaýşy bilen» atly sergi hem guraldy. 13 sany tematiki bölümden we interaktiw zolaklardan ybarat bolan bu sergide enäniň we çaganyň saglygy, çagalaryň irki ösüşi, bilim almagy hem-de özbaşdak durmuşa taýýarlanmagy bilen baglanyşykly maglumatlar bir ýere jemlendi.

 

Bütindünýä Samarkant sammitiniň dowamynda çagalara degişli meseleleriň häzirki ýagdaýy, olary goramak, saglygyny we durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, bilim almak mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça möhüm garaýyşlar öňe sürüldi. Şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň ähmiýeti nygtaldy.

 

Halkara çäräniň jemleri boýunça Samarkant Jarnamasy kabul edildi. Şeýlelikde, Bütindünýä Samarkant sammiti çagalaryň geljegini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we abadançylygyny goramak, saglygy goraýyş, bilim, durmuş üpjünçiligi we irki ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda möhüm halkara çäreleriň biri hökmünde öz beýanyny tapdy.

 

Näzli REJEPDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.