Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan baý medeni mirasy bar. Bu miras halkyň ýaşaýyş-durmuşynda, milli däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýar. Her bir nagyş, reňk, bezeg halkyň geçmişinden habar berýär. Ine, şeýle nepis we sünnä gözellikleriň biri-de türkmen milli göllerimizdir.
Göller hakynda söz açylanda türkmen milli halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun alandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň 8-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýylar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu möhüm resminama medeniýet ulgamymyzy ösdürmäge, milli mirasymyzy dünýäde wagyz etmäge ýadam eder.
Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň, döredijilik toparlarynyň, sahna sungaty boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal geçirilipdi. Şeýle-de Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly, şeýle-de Türkmenistanda Wena ballarynyň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň geçirilmegi ýurdumyzyň netijeli daşary syýasatynyň möhüm bölegini düzýän medeni diplomatiýanyň çäklerinde giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.
Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasydyr. BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen düzümi medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orny eýelemek bilen, umumadamzat gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanýan açyk dialog üçin şertleri döretmek ugrunda tagalla edýär. Türkmenistan hem bu işlere işjeň gatnaşýar.
Biziň «Görogly» dessançylyk sungatymyz, dutar ýasamak senetçiligimiz, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatymyz, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurymyz, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däplerimiz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyndan mynasyp orun aldy. Bu biziň medeniýet ugurly gymmatlyklarymyzyň dünýä giňişliginde uly seslenmä eýe bolýandygyny görkezýär.
Şu ýerde bu abraýly sanawdan orun alan halylarymyzyň ýa-da haly önümlerimiziň ýöne bir bezeg bolman, eýsem halkyň gözellik baradaky düşünjesiniň, dünýägaraýşynyň, tebigat bilen sazlaşygynyň nyşanydygyny aýtmak gerek. Şonuň üçin türkmen göllerine diňe milli bezeg hökmünde garamak ýeterlik däldir. Ol türkmeniň ruhy dünýäsini, özboluşlylygyny we dost-dogana açyk ýüregini dünýä tanatmagyň serişdesidir.
Türkmen halylary berkligi, owadanlygy, ýumşaklygy bilen tapawutlanyp, özüne gaýta-gaýta seretdirmäge mejbur edýär. Daşary ýurtlardan döwlet Baştutanlary, ýa-da Hökümet ýolbaşçylary ýaly ýokary derejeli wekiller geleninde milli göllerimiz ýerleşdirilen halynyň üstünde garşylanýar. Bu bolsa halkymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, şu günlere ýetiren nepis gözelliginiň diplomatik duşuşyklarda hem işjeň ulanylýandygyny görkezýär.
Türkmen halkynyň milli lybaslarynyň taryhy irki döwürlere uzaýar. Ene-mamalarymyz egin-eşikleriň bezeginde, halynyň göllerinde diňe bir owadanlyga däl, eýsem, many-mazmuna-da üns beripdirler. Lybaslarymyzdaky ulanylýan nagyşlaryň, keşdeleriň we gölleriň her biriniň özboluşly görnüşi bolup, olaryň sazlaşygy milli estetiki düşünjäniň ýokary derejesini görkezýär.
Göllere türkmen tebigatynyň reňkleri hem siňendir. Çölüň altynsow öwüşgini, ýaz günleriniň ýagtylygy, gök asmanyň durulygy — bularyň ählisi milli nagyşlara özboluşly gözellik eçilýär. Şol sebäpli göle seredeniňde, diňe bir nagyşlaryň gözelligini däl, eýsem, halkyň ýaşaýan giňişliginiň ruhuny hem duýmak bolýar.
Göl — türkmen zenanynyň edep-ekramynyň we gözelliginiň beýany. Türkmen zenanynyň milli lybasy onuň daşky gözelligini bezemek bilen çäklenmän, onuň edep-ekramyny, asyllylygyny, näzikligini we milli terbiýesini hem şöhlelendirýär. Milli lybasdaky her bir nagyş zenanyň mertebesine, onuň halkyň medeniýetindäki ornuna özboluşly öwüşgin eçilýär. Türkmen zenanynyň başyna atýan kürtesi, geýýän köýnegi, şaý-sepleri bilen sazlaşýan nagyşlar halkyň gözellik baradaky düşünjesiniň aýratyn nusgasydyr. Olarda öwüşginliden sazlaşykly, sadadan gözel, ähli döwürlerde hem gymmatyny ýitirmeýän nepislik bar.
Diplomatiýanyň esasy maksady halklaryň arasynda düşünişmegi, dostlugy we özara hormaty pugtalandyrmakdyr. Bu maksada ýetmegiň ýollarynyň biri-de medeniýetdir. Medeniýet halklaryň arasynda söz ulanmazdan hem düşünişmäge mümkinçilik döredýär. Türkmen milli gölleri hem şol medeni gatnaşyklaryň özboluşly köprüleriniň biridir.
Medeni diplomatiýamyzyň esasy aýratynlygy hem şunuň bilen baglanyşyklydyr. Ol halklaryň ýüregine ýol açýar. Bir halk beýleki halkyň sungatyna, däp-dessuryna we gymmatlyklaryna hormat goýup başlanda, olaryň arasynda özara düşünişmek üçin berk binýat döreýär. Türkmen gölleri bolsa şol binýadyň esasy alamatlarynyň biridir. Galyberse-de, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň milli baýramynyň uly dabara bilen bellenilýändigini aýtmak gerek. Häzirki wagtda dünýäde döwletleriň öz medeniýetini beýleki ýurtlaryň raýatlaryna tanatmak bilen bagly alyp barýan işleriniň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Döwletleriň abraýy diňe ykdysady ýa-da syýasy üstünlikleri bilen däl, eýsem olaryň medeni mirasynyň baýlygy, halkynyň ruhy gymmatlyklary bilen hem ölçenilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan GDA döwletlerinde başlyklyk edýär. GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň ýakynda paýtagtymyzda geçirilmegi hem medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ýokarydygyny subut etdi.
Gurbangül BAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.