logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Syýasat /Parahatçylygyň mizemez binýady
  24.10.2026
13
Parahatçylygyň mizemez binýady

Geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiz öz saýlap alan syýasy ýoluna doly wepalydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzüne aýan etdi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklady. Türkmenistan BMG-niň sessiýalarynda diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürdi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hem şeýle oňyn işler mynasyp dowam etdirilýär. Muňa biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Asssambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlarynda hem göz ýetirýäris. Çykyşlardaky ynsanperwer başlangyçlardan gözbaş alýan tutumlar halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne ýaýramagyna kömek edýär.

 

Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagyň, goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Türkmenistan şeýle işleri häzirki wagtda-da dowam etdirip, dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär. Islendik bir ulgamyň, islendik bir ugruň sazlaşykly ösmeginde ylmy garaýyşlar, täzeçe çemeleşmeler zerur. Şu maksatdan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Bu ýokary diplomatik mekdepde parahatçylyk, halkara gatnaşyklary, dünýäniň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyklar ylmy taýdan öwrenilip, talyp ýaşlaryň syýasy düşünjesiniň ýokary bolmagy gazanylýar. Şeýle işler bolsa diplomatiýanyň hem ylym bilen utgaşykly öwredilýändigini görkezýär.

 

Şu ýylyň 8-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Karara gol çekmegi bilen, Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy döredildi. Bu kafedranyň açylmagy döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen halkara forumda eden çykyşynda BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek teklibini ilki milli derejede amala aşyrmak maksadyndan gelip çykýar. Bu bolsa halkara gatnaşyklary ulgamynda iş alyp barmakda ýurdumyzda ylym ulgamyna uly üns berilýändigini aňladýar.

 

Nurgeldi ATAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.