logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyz COP31-iň Liderler sammitine gatnaşdy ✦ ✦ COP31: Howanyň geljegi üçin dünýäni birleşdirýän maslahat ✦ ✦ COP31 maslahatynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmaklyga aýratyn üns berildi ✦ ✦ COP31 maslahatynyň çäklerinde Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek barada tematiki sessiýa geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi
  18.11.2026
3
Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi

Ýurdumyzda sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we täze önümçilik kärhanalaryny döretmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şu maksat bile, 2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda birnäçe iri taslamanyň düýbi tutuldy.

Saparyň esasy wakalarynyň biri Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi boldy. Umumy uzynlygy 546 kilometre deň bolan täze ýoluň paýtagtymyz bilen ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň arasyndaky ulag gatnaşyklaryny ösdürmekde ähmiýeti uludyr. Taslama laýyklykda, ýoluň ugrunda 812 metr uzynlygyndaky täze awtomobil köprüsi gurlar, şeýle hem hereket edýän dokuz sany köpriniň durky täzelener. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin döwrebap gözegçilik enjamlary we sanly tehnologiýalar hem ornaşdyrylar.

Saparyň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge niýetlenen ösümlik ýag kärhanasynyň hem düýbi tutuldy. Kärhanada döwrebap önümçilik enjamlarynyň ulanylmagy ýokary hilli pagta ýagyny öndürmäge mümkinçilik berer. Täze desganyň işe girizilmegi bilen, 250-ä golaý täze iş ornunyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Bu taslama ýerli çig maly gaýtadan işlemek, azyk önümleriniň önümçiligini ösdürmek we içerki bazaryň üpjünçiligini giňeltmek bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle hem Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän täze senagat toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Täze kärhana ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Önümçiligiň işe girizilmegi oba hojalygyny zerur dökünler bilen üpjün etmek bilen birlikde, himiýa senagatynyň eksport mümkinçiliklerini hem giňeltmäge gönükdirilendir. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegine garaşylýar.

Şol gün saparyň dowamynda sanly ulgam arkaly Balkan welaýatynda ýerleşýän Türkmenbaşy - Garabogaz - Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz - Gazagystan serhetýaka böleginiň açylyş dabarasy hem geçirildi. Uzynlygy 44 kilometre deň bolan bu ýol Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegidir. Onuň ulanmaga berilmegi Türkmenistany goňşy döwletler bilen birleşdirýän ulag ugurlarynyň ösdürilmegine goşant goşar.

Bu taslamalaryň her biri aýratyn ugra degişli bolsa-da, olaryň umumy maksady önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek, ulag hereketini kämilleşdirmek we sebitleriň ykdysady işjeňligini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Täze ýol gatnawlaryň amatlylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, senagat kärhanalary bolsa ýerli çig maldan netijeli peýdalanmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

Daşoguz welaýatynda geçirilen bu iş sapary ulag we senagat ulgamlarynda täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berdi. Olaryň gurluşyk we önümçilik tapgyrlarynda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem täze desgalaryň geljekde netijeli işlemegi sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.

Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Gurbanmyrat Rejepow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy