logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar
  07.11.2026
9
Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar

Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilýän dokuzynjy «China International Import Expo» halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony hem açyldy. 5-nji noýabrda başlan bu çärä 162 döwletiň, sebitiň we halkara guramanyň wekilleri gatnaşýar.

 

Sergide Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýerli önüm öndürijileriň harytlary, ýurdumyzyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri görkezilýär. Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar türkmen halkynyň milli medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.

 

Halkara serginiň çäklerinde türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär. Forumyň iki ýurduň telekeçileriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge, täze söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döretmegine garaşylýar.

 

2018-nji ýyldan bäri her ýylyň noýabr aýynda geçirilýän «China International Import Expo» sergisi dürli ýurtlaryň öndürijilerine öz önümlerini halkara bazaryna çykarmak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilik berýär.