logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy
  22.10.2026
13
Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy

16-njy oktýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýokary okuw mekdebiniň Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin Hormat hatyna mynasyp bolmagy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu sylag Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşant goşýan işleriň ykrarnamasy boldy.

 

Dabarada çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler. Şeýle hem Hormat hatynyň institutyň köpýyllyk zähmetine berlen baha bolmak bilen birlikde, geljekde has uly üstünlikleri gazanmak üçin täze jogapkärçiligi we höwesi döredýändigi nygtaldy.

 

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn derejede we «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen gatnaşyklar bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri ýapon dilini öwretmek, mugallymlaryň we talyplaryň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmek, şeýle hem iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Bu ugurlarda alnyp barylýan işler türkmen we ýapon halklarynyň medeniýetine bolan gyzyklanmanyň artmagyna, özara düşünişmegiň we dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine ýardam berýär.

 

Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmekde we ýokary derejeli dilçi hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bu sylaga mynasyp bolmagy professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň yhlasly zähmetiniň netijesi hökmünde bellenildi.

 

Dabaranyň aýdym-sazly maksatnamasy iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetini açyp görkezdi. Bu çäre Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmanyň beýany boldy.

 

Bägül SAPARMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.