logo

Latest news:
✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦
Home / In the world /Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy
  25.07.2025
1863
Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy

Sanly dünýäde öňdebaryjy üstünliklere eýe bolýan türkmen ýaşlarynyň biri — Merdan Durdyýew ýene bir halkara derejeli ýeňiş gazandy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilen we dünýäniň 10 müňden gowrak programmistiniň gatnaşan Agent Development Kit Hackathonynda Türkmenistanly Merdan Durdyýew bilen onuň işdeş kärdeşi Sergazy Nurbavliyew tarapyndan döredilen SalesShortcut atly taslama Baş Baýrak bilen sylaglandy.


Bu üstünlik bilen birlikde olar:

·         15 müň dollarlyk pul baýragy

·         3 müň dollarlyk Google Cloud kreditleri

·         1 ýyllyk Google Developer Programyň Premium agzalygy

·         Google inženeri bilen wirtual duşuşyk

·         Google we Devpost tarapyndan jemgyýetçilik sahypalarynda mahabat


Uly ýeňşi gazanan SalesShortcut – awtomatlaşdyrylan multi-agent ulgamynyň kömegi bilen cold outreach bilen baglanyşykly işleri ýeňilleşdirýär. Bu platforma:

·         Google Maps arkaly potensial müşderileri tapýar we baha berýär

·         20-den gowrak ýöriteleşdirilen agently gözleg arkaly müşderileri öwrenýär

·         Şahsylaşdyrylan teklipleri sekuntlarda düzýär

·         ElevenLabs tehnologiýasy bilen AI ses arkaly müşderiler bilen gepleýär we soňundan e-poçta bilen yzarlama edýär

·         Ähli prosesleri realtime panelde yzarlap görkezýär


Taslama Google-nyň giňişleýin ekoulgamyny – Vertex AI, BigQuery, Cloud Run mikrohizmatlary, Gmail, Calendar we Pub/Sub ýaly serişdeleri bir bitewi ulgamda ornaşdyrmak arkaly üstünlik gazandy.


Merdan Durdyýew bu bäsleşikde diňe ýeňiş gazanman, eýsem täze düşünjeleri hem özleşdirdi. Olaryň ulgamy:

·         Agentleriň arasyndaky sazlaşykly hereketi

·         Mikrohizmatlaryň arasyndaky arassa aragatnaşyk protokollaryny (A2A)

·         Adam-bot hyzmatdaşlygyny (human-in-the-loop) üstünlikli ornaşdyrdy.


Häzirki wagtda olar täze başlangyç – SnapSites (snapsites.ai) atly startap bilen täze firmalara awtomatlaşdyrylan çözgütler bilen ýardam bermek ugrunda iş alyp barýarlar.


Bäsleşigiň guramaçylary – Google Cloud we Devpost – SalesShortcut-y “geljegiň awtonom agent ulgamynyň şekillendirilmegine goşant goşýan täzeçil çözgüt” hökmünde ýokary baha berdiler. Bu üstünlik diňe bir bir şahsyň däl, eýsem bütin türkmen ýaşlarynyň global sahnada öňe çykyp bilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.