Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Syýasat /Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar"
  03.08.2025
37
Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar"

Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi bu döwletleriň arasynda diňe bir söwda-ykdysady bähbitleri ilerletmekde däl-de, eýsem, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem strategik ähmiýete eýedir.

Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçiriljek bu forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülmek bilen, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň işjeň we döredijilikli taglymatdygynyň täze ykrarnamasy bolar. Bu iri maslahatyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşykly guralmagy bolsa şöhratly wakalara taryhy dereje berýär. Täze taryhy döwrümizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ykrar tapan «Dialog ― parahatçylygyň kepili» hem-de «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgelerini ilerletmek bilen, häzirki zaman dünýäsinde ýüze çykýan meseleleri çözmekde diplomatiýanyň gurallaryny ulanmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Şunda Milli Liderimiziň tagallalary, halkara başlangyçlarydyr öňe süren teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Aýratyn-da, hormatly Arkadagymyzyň ulag we üstaşyr geçelgeleriň hemmetaraplaýyn arhitekturasyny döretmek baradaky öňe süren pikirleri Milletler Bileleşiginde ykrar edilip, bu babatda Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň ençemesi kabul edildi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri iri halkara we sebitara deňiz, derýa, ulag, demir, howa ýollary arkaly amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň amatly utgaşdyrylmagy, olaryň her bir ýurt üçin elýeterli bolmagynyň tutuş dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň bähbidinedigi barada birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şeýle döwletli başlangyçlaryň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigi diýseň buýsandyryjydyr.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda hormatly Prezidentimiz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda sanly ulgam arkaly eden çykyşynda: «Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir» diýip belledi.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Konwensiýada deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere özara ylalaşyk esasynda deňiz portundan peýdalanmaga we deňizde hereket etmäge mümkinçilik berilmelidigi nygtalýar. Konwensiýa erkin üstaşyr geçmek, gümrük salgytlary we gaýry ýygymlar, ulaglar, resminamalar, ýükleri wagtlaýyn saklamaga hem-de geçirmäge amatly şertleri, erkin zolaklary, şol sanda gümrük ýeňilliklerini döretmek bilen bagly kadalary özünde jemleýär. Ýurdumyzyň bu Konwensiýa goşulmagy, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler bilen üstaşyr söwda boýunça halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, sazlaşykly hyzmatdaşlyk etmekde mümkinçilikleri artdyrar. Şonuň bilen birlikde-de, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Jemläp aýdanyňda, her bir döwlet öz geografik ýerleşişiniň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna, milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Türkmenistan döwletimiz hem iki yklymyň çatrygynda amatly ýerleşýän döwlet hökmünde ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden peýdalanýar, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin möhüm başlangyçlary öňe sürýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty bolsa dostlukly ýagdaýda pikir alyşmak, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan wajyp ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder.


Mähriban GANDYMOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.