logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň şahadatnamalary gowşuryldy
  11.07.2025
1565
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkeziniň diňleýjilerine şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

 

Bu iki merkeziň çäklerinde Halkara gatnaşyklary institutynyň 104 talyby üstünlikli okuwlaryny tamamlady. Olaryň 98-si diplomatiýanyň möhüm ugurlaryna degişli – öňüni alyş, ulag, energetika, suw we ykdysady diplomatiýasy boýunça ýöriteleşdirilen okuwlara gatnaşdy. Galan 6 talyp bolsa Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezde bilim aldy.

 

Talyplaryň şeýle uly toparynyň okuwlaryny üstünlikli tamamlamagy, olaryň halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman meselelerine we mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmasynyň, hem-de ýurdumyzyň diplomatik işgärlerini taýýarlamakda alnyp barylýan işleriň netijelidiginiň aýdyň beýanydyr. Gazanylan bilimler we başarnyklar, uçurymlaryň Türkmenistanyň halkara giňişlikde ornuny güýçlendirmäge goşant goşmagyna mümkinçilik döreder.

 

Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi 2018-nji ýylyň dekabrynda döredilip, ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna ýurdumyzyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýän ugurlar boýunça yzygiderli okuwlary hödürleýär. Merkeziň esasy maksady – daşary syýasatymyzyň ýörelgelerine laýyklykda öňüni alyş, ykdysady, energetika, ulag we suw diplomatiýasy ýaly ugurlarda çuňňur bilim bermek, halkaraçy hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

 

Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkez hem yzygiderli okuwlary guramak bilen, diňleýjileri ählumumy durnukly ösüş boýunça öňde durýan wezipeleri öwrenmäge ugrukdyrýar.

 

Okuwlar tejribeli mugallymlar we degişli ugur hünärmenleri tarapyndan geçirilýär. Geljekki diplomatlar üçin Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolan dostlukly, deňhukukly, özara hormat goýýan we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Bu bolsa türkmen diplomatiýasynyň halkara derejesindäki ornunyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.

 

Ogulnar ORAZMYRADOWA,

Türkmenstanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.