logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler"
  02.08.2025
911
Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler"

BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dowamynda birnäçe “Ugurdaş çäreler” geçirilmek hem meýilleşdirilýär. Muňa maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçirilýän, şeýle hem türkmen tarapynyň guraýan ugurdaş çäreleri girýär. Ýurdumyz tarapyndan guraljak şu çäreleri mysal hökmünde görkezmek bolar:

  1. Ýerüsti ulag we arabaglanyşyk.
  2. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly.
  3. Ýaşlar syýasaty.
  4. Durnukly energetika.
  5. Sirkulýar ykdysadyýet.

Çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyòň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelmegi meýilleşdirilýär.

Has giňişleýin maglumat üçin: lldc3.gov.tm


Oraz RAHMEDOW

Turkmenistanyň Dowlet energetika institutynyň mugallymy