logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi
  27.07.2025
3436
Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi

2025-nji ýylyň 22-23-nji iýul günleri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. Çärä birnäçe metbugat işgärleri we meýletinçi ýaşlar gatnaşdylar. 2 gün dowam eden çäre ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon Makgregoryň çykyşy bilen badalga aldy. Alyp baryjylar hökmünde, Hukuk maslahatçysy Abdulkerim Muhammedow, “Нейтральный Туркменистан” gazetiniň işgäri Irina Ymamkulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işgäri Swetlana Çirsowa, şeýle hem, onlaýn görnüşde halkara ekspert, Gazagystandaky “MediaNet” Halkara žurnalistika merkeziniň wekili gatnaşdylar we çykyş etdiler. Metbugat sowatlylygy we tehnologiýanyň metbugat ulgamyna ornaşmagy ýaly birnäçe gyzykly çykyşlar boldy. Esasan-da, Hukuk maslahatçysy Abdulkerim Muhammedowyň eden çykyşynda žurnalistleriň umumy hukuklary barada gyzykly gürrüňleri berdi.

Çykyşlar gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu barada çärä gatnaşan habarçylarymyz hem öz oňyn teswirlerini berdiler. Mundan başga-da çykyşlaryň aralarynda geçirilen kofe we nahar arakesmeleri we oýunlar çäräniň gyzykly we ýatda galyjy bolmagyna uly goşant goşdy. Çykyşlar, dürli-dürli oýunlar bilen utgaşan bu çäre ýurdumyzda metbugat sowatlylygyny has-da ösdürmeklige we ýaşlary metbugat ulgamyna çekmeklige gönükdirilendir.

Oraz PENJIÝEW