logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Nature /“Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi
  31.07.2025
1245
“Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda “Altyn damja” çagalar dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Ekologiýa Hereketi jemgyýetçilik guramasy bilen Lebap welaýatynyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre guraldy. Bu çäre Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň goldamagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

 

Türkmenistanyň Ekologiýa Hereketi jemgyýetçilik guramasy 2014-nji ýylda döredilip, ýurdumyzda ekologiýa taýdan durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we ilatyň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda iş alyp barýar. Gurama dürli wagyz-nesihat çärelerini, okuw maslahatlaryny, ýaşlar bilen ekologiýa ugrunda düşündiriş duşuşyklaryny geçirip, jemgyýetde tebigata bolan jogapkärçilikli garaýşy kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

 

Çäräniň dowamynda hem hut şu maksatlardan ugur alnyp, ekologiýa medeniýetini ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de sagdyn ýaş nesli kemala getirmek bilen bagly wagyz-nesihat işler alnyp baryldy. Tebigaty goramagyň ähmiýeti barada çykyşlar edilip, ýaş nesliň ekologiýa bilen baglanyşykly düşünjelerini artdyrmaga gönükdirilen çäreler geçirildi.

Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we jemgyýetde ekologiýa medeniýetini ösdürmek maksady bilen 2025-nji ýylda döredilen jemgyýetçilik birleşmesidir. Gurama "Tebigata düşünmekden – ony goramaga!" diýen baş şygary bilen, tebigaty diňe bir özleşdirmegiň däl-de, eýsem, goramagyň hem-de onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň ýoluny wagyz edýär.