logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy
  21.05.2026
25
Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti, Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýolbaşçylygynda Education World Forum 2026 forumyna gatnaşmak üçin London şäherine bardy. 17–21-nji maý aralygynda geçirilýän bu halkara forum bilim syýasaty, sanly özgertmeler, adam kapitalyny ösdürmek we innowasion tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça dünýäniň esasy maslahatlarynyň biri hasaplanýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasy habar berýär.

 

Forumyň dowamynda türkmen wekiliýeti howanyň üýtgemegi bilen bagly bilim taslamalary, “Ýaşyl mekdep” başlangyjy hem-de sanly bilim gurşawyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri tanyşdyrdy. Şeýle-de olar STEM bilim ulgamy, mugallymlary taýýarlamak we sanly okuw platformalaryny ösdürmek bilen bagly birnäçe ýöriteleşdirilen seminarlara gatnaşdylar.

 

Ikitaraplaýyn duşuşyklarda Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan özgertmeler, ýokary okuw mekdeplerindäki KPI dolandyryş ulgamy, ylmy işleriň ösüşi we sanly platformalaryň giňeldilmegi barada maglumat berildi. Şeýle hem 2026–2052-nji ýyllar üçin ýokary bilimi ösdürmek strategiýasy hem-de Geljegiň hünärleriniň atlasy tanyşdyryldy.

 

Türkmenistanyň wekilleri halkara kompaniýalar we guramalar bilen sanly bilim, emeli aň, şahsylaşdyrylan okuw, halkara sertifikatlaşdyrma we bilim analitikasy boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Classera, ClassLink, Times Higher Education, Educational Testing Service we British Council bilen duşuşyklar geçirildi.

 

Forumyň dowamynda emeli aňyň bilim ulgamynda howpsuz we netijeli ulanylmagy, halkara derejesinde ykrar edilýän sertifikatlaşdyrma ulgamlary, taslama dolandyryşy hem-de matematika okuwynda täze tehnologiýalaryň orny aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmenistanyň bu halkara foruma gatnaşmagy dünýä tejribesini öwrenmäge, täze hyzmatdaşlyklary ösdürmäge we milli bilim ulgamynda sanly özgertmeleri ilerletmäge giň mümkinçilik döredýär.