logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada
  24.05.2026
395
Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasy geçirildi. Bilim bäsleşigine dünýäniň 20-ä golaý döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

 

Olimpiada Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy we takyk ylmy ugurlary ösdürmek, şeýle hem sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde guraldy.

 

Halkara internet olimpiadasyna Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Türkiýe, Belarus, Awstriýa, Azerbaýjan, Beýik Britaniýa, Hindistan, Italiýa, Singapur, Şweýsariýa, Özbegistan we beýleki döwletleriň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşik şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde geçirilip, gatnaşyjylar 180 minudyň dowamynda 10 sany meseläni çözmek boýunça öz bilimlerini we başarnyklaryny görkezdiler.

 

Çäräniň esasy maksady talyplaryň özbaşdak pikirlenmek ukybyny ösdürmek, ylmy sygymly meseleleri çözmekde tejribe toplamak hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Şeýle hem olimpiada sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.

 

Internet olimpiadasy türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilip, gatnaşyjylar ZOOM platformasy arkaly onlaýn görnüşde bäsleşdiler.

 

Çäräniň dowamynda mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Altyn Asyr”, “Ýaşlyk” we “Türkmenistan” teleýaýlymlary üçin interwýular hem guraldy.

 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geçirilen bu halkara bilim bäsleşigi ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini ösdürmäge, olaryň ylma bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga hem-de halkara bilim giňişligindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty