logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär
  21.05.2026
327
Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalary şu aýyň 23-inde täze nesil 6G aragatnaşyk ulgamynyň ilkinji giň möçberli şäher synaglaryna girişjekdiklerini yglan ederler. Bu ulgam maglumat geçiriliş tizligini we internetiň hilini häzirki ulgamlardan onlarça esse ýokarlandyrmaga ukyply bolar.

 

Synag işleri ilkinji etapda sürüjisiz ulaglaryň dolandyrylyşy hem-de «akylly» şäherleriň howpsuzlyk ulgamlarynda ulanylar. Hünärmenleriň pikirine görä, 6G tehnologiýasy diňe aragatnaşyk ulgamyny däl, eýsem senagat we saglygy goraýyş pudaklaryny hem täze derejä çykarar. Şeýlelikde, bu ulgam sanly ösüşiň täze döwrüni başlatmaga mümkinçilik döreder.

 

Şeýle-de täze standartlaryň energiýany tygşytly peýdalanmagy we ýokary derejeli kiberhowpsuzlygy üpjün etmegi garaşylýar. Dünýäniň iri ylmy merkezleri 6G-niň halkara ykdysadyýetine ýetirjek täsirlerini içgin öwrenýärler. Bu ösüş geljekki sanly jemgyýetiň esasy sütünleriniň biri hökmünde görülýär.

 

Atabally GURBANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
4-nji ýyl talyby.