2026-njy ýylyň 9-njy maýynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Telekeçilik nukdaýnazary” atly giň gerimli duşuşyk geçirildi. Döwrebap görnüşde guralan bu çäre telekeçilige, innowasion pikirlenmäge we şahsy ösüşe gyzyklanma bildirýän ýaşlary bir ýere jemledi. Duşuşygyň esasy myhmany hökmünde çykyş eden telekeçi Kemal Arjanow ýaşlar bilen öz durmuş tejribelerini, işewürlik ýolunda ýüzbe-ýüz bolan synaglaryny hem-de gazanan üstünliklerini paýlaşdy.
Çärä ýokary okuw mekdebiniň talyplary, ýaş telekeçiler, startap taslamalaryna gyzyklanýanlar we döredijilikli pikirlenýän ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy maksady ýaşlaryň telekeçilik baradaky düşünjesini giňeltmek, olarda ýolbaşçylyk ukyplaryny ösdürmek hem-de häzirki zaman işewürlik gurşawyna taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Kemal Arjanow çykyşynyň dowamynda häzirki döwürde telekeçiligiň diňe bir girdeji gazanmagyň serişdesi bolman, eýsem jemgyýeti ösdürmegiň we täze mümkinçilikleri döretmegiň möhüm güýjüdigini aýratyn belledi. Şeýle-de ol ýaşlara uly üstünlikleriň kiçi başlangyçlardan başlanýandygyny, esasy zatlaryň bolsa ynam, sabyr we yzygiderli zähmetdigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda telekeçilikde ilkinji ädimleri ätmegiň usullary, täze biznes ideýalaryny ösdürmek, töwekgelçilikleri dolandyrmak, müşderiler bilen dogry gatnaşyk gurmak hem-de häzirki zaman sanly mümkinçiliklerinden peýdalanmak barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş aýratyn-da ýaşlaryň öz mümkinçiliklerine ynamly bolmagy we täze pikirleri durmuşa geçirmekden çekinmezligi baradaky täsirli maslahatlar bilen utgaşdy.
Interaktiw görnüşde geçen çärede gatnaşyjylar hünärmene dürli sowallar bilen ýüzlendiler. Esasanam ýaş telekeçileriň başlangyç döwründe ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, maliýe meseleleri, marketing strategiýalary hem-de üstünlik gazanmagyň syrlary baradaky sowallar giň gyzyklanma döretdi. Kemal Arjanow her bir sowala durmuş tejribelerine esaslanyp jogap berdi we ýaşlary hemişe öwrenmäge hem-de öz üstünde işlemäge çagyrdy.
Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik işleri boýunça Merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.
Çärä gatnaşan ýaşlar şeýle duşuşyklaryň özleri üçin uly ruhlandyryjy güýç bolandygyny bellediler. Olaryň pikiriçe, häzirki döwürde tejribeli telekeçiler bilen geçirilýän açyk gürrüňdeşlikler ýaşlaryň geljege bolan ynamyny güýçlendirýär we täze başlangyçlara höwes döredýär.