logo

Latest news:
✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi
  19.05.2026
166
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi

Paýtagtymyzyň Aşgabat aýdym-saz merkezi sahnasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary goşa baýramyň ruhuny has-da belende göterip, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini şöhlelendirdi.

 

Baýramçylyk dabarasy täsirli edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi, halkyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler çeperçilik bilen beýan edildi.

 

Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belentde parlamagy, Konstitusiýamyzyň bolsa ýurdumyzyň ösüşiniň berk hukuk binýady bolup hyzmat edýändigi aýratyn nygtaldy. Ýaşyl tugumyzyň ýüzündäki haly gölleri, ýarymaý, ýyldyzlar we zeýtun baldajyklary türkmen halkynyň milli buýsanjyny, parahatçylyk söýüjiligini hem-de agzybirligini alamatlandyrýan mukaddes nyşanlar hökmünde wasp edildi.

 

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda beýan edilen esasy pikirler hem öz beýanyny tapdy. Konstitusiýamyzyň ynsan hukuklaryny iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edýändigi, Döwlet baýdagymyzyň bolsa Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň we jebisligimiziň nyşanydygy aýdyň görkezildi.

 

Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň dürli görnüşleri, joşgunly tanslar we watançylyk ruhundaky aýdymlar giňden orun aldy. Sahna bezegi bilen sazlaşykly utgaşan çykyşlar tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

 

Şeýle hem 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygaryna laýyklykda, ahalteke bedewlerimize bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Baýramçylyk konserti ähli sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetiren joşgunly aýdymy bilen jemlenip, tomaşaçylar tarapyndan uly şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

 

Mahym AKGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.