logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Politics /GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
  23.05.2026
524
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Maslahata Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň premýer-ministrleri, şeýle-de Gyrgyzystanyň, Russiýanyň we Ermenistanyň hökümet wekilleri gatnaşdy. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew mejlisiň işine gatnaşanlaryň hatarynda boldy.

 

Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak we ulag-logistika arabaglanyşygyny pugtalandyrmak meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Mundan başga-da, hökümet ýolbaşçylary 2030-njy ýyla çenli GDA-nyň kongres-sergi ulgamyny ösdürmek strategiýasyny, dag-magdan hem-de metallurgiýa pudagynyň sanly özgertmeler konsepsiýasyny, şeýle hem 2027–2030-njy ýyllar üçin Döwletara radionawigasiýa maksatnamasyny tassykladylar.

 

Mejlisde uran gazyp almak bilen bagly önümçilikleriň täsirine sezewar bolan ýerleri dikeltmek boýunça alnyp barylan işleriň netijeleri jemlenildi. Şeýle-de kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hemişelik ýaşaýan ýurtlaryna gaýtarylmagy barada kabul edilen ylalaşyga girizilen üýtgetmeler makullandy.

 

Forumyň jemleri boýunça Minsk şäheri 2027-nji ýylda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty, Karaganda şäheri bolsa 2028-nji ýylda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty hökmünde yglan edildi.

 

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisiniň 2026-njy ýylyň dekabr aýynda Moskwa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

Aýlar BATYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.