logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Culture /Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar
  21.05.2026
343
Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar

Şul aýyň 24-ne agşam Fransiýanyň kenarýakasynda 79-njy Kann halkara kinofestiwalynyň dabaraly ýapylyş çäresi geçiriler. Dünýä kino pudagynyň iň abraýly çäreleriniň biri hasaplanýan bu festiwalda esasy bäsleşikleriň ýeňijileri hem-de iň ýokary baýrak bolan «Altyn palma şahasy» baýragynyň eýesi yglan ediler. Bu ýylky festiwal jemgyýetçilik we tehnologik temalary döredijilikli beýan edýän filmleriň köplügi bilen tapawutlandy.

 

Esasy baýrak ugrunda güýçli bäsleşik dowam edýär we ýeňiji şol agşam mälim bolar. Kino bilermenleriniň pikirine görä, şu ýylky netijeler dünýä kino sungatynyň täze ösüş ugurlaryny we döwrebap çemeleşmelerini görkezýär. Dabaraly çärä dünýä belli aktýorlar, režissýorlar we kino ýyldyzlary gatnaşarlar.

 

Ýapylyş dabarasynda diňe baýraklar gowşurylmak bilen çäklenilmän, eýsem halkara film bazary üçin möhüm bolan täze taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň baglaşylmagyna hem garaşylýar. Dabaraly gyzyl haly ýöreýşi we ýeňijileri sylaglamak çäresi dünýä medeniýetiniň esasy wakalarynyň birine öwrüler. Bu çäre kino sungatynyň geljekki ösüşiniň täze ugruny alamatlandyrar.

 

Nurana KABULOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
4-nji ýyl talyby.