logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan atly tegelek stol geçirildi
  04.11.2025
565
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan atly tegelek stol geçirildi

2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda “The Gulf Observer” habarlar agentligi we “The Gulf Observer Research Forum” ylmy-derňew merkezi Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti” atly tegelek stol guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

 

Maslahaty “The Gulf Observer” merkeziniň wekili Muhammad Ali Paşa alyp bardy. Çärä BMG-niň Pakistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Mohamed Yahýa, Pakistanyň abraýly ylmy işgärleri, seljerijiler, metbugat wekilleri we habarçylary gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylyk, ynanyşyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhümdigini nygtadylar.

 

Çäräniň ýylazaryjylary türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli diplomatik başlangyçlarynyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara dialogy berkitmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli dowam edýändigini bellediler.

 

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A. Möwlamow çykyşynda Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde soňky 30 ýylda gazanan üstünliklerini we 2025-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň eýeçilik etjek halkara çäreleriniň ähmiýetini belläp geçdi.

 

Maslahatyň netijeleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanýandygyny hem-de parahatçylyk we ynanyşyk ýörelgelerine ygrarlylykda tutýan ornuny ýene-de bir gezek görkezdi.

 

Ogultäç ARAZOWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet
gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.