logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Economics /Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy
  06.11.2025
545
Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy

Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilen “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” atly halkara forum üstünlikli tamamlandy. Bu çäre Türkmenistanyň Germaniýa bilen, şeýle hem Ýewropa Bileleşigine girýän beýleki döwletler bilen söwda, maýa goýum we ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksadyny göz öňünde tutdy.

 

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnaldy, hyzmatdaş guramaçy hökmünde bolsa “TMT​ Consulting​ Group​” kompaniýasy çykyş etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Frankfurtdaky​ Konsullygy we Germaniýanyň Gündogar ykdysady gatnaşyklary boýunça komiteti çäräni işjeň goldady.

 

Foruma Türkmenistanyň döwlet edaralaryndan 43, hususy sektordan​ bolsa 63 wekil gatnaşdy. Şeýle-de, Germaniýadan we beýleki Ýewropa ýurtlaryndan 126 daşary ýurtly myhman çärä gatnaşdy.

 

Forumyň çäginde 70 -den gowrak nemes kompaniýasy, 55 türkmen kärhanasy we degişli ministrlikleriň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda plenar mejlis, dört mowzuklaýyn panel maslahatlary, 86 sany B2B​ (biznes-biznes) we 38 sany B2G​ (biznes-hökümet) duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem 12 sany ikitaraplaýyn ylalaşyk we Ähtnama baglaşyldy.

 

Forumyň baş hemaýatkärleri hökmünde “Ojar Aziýa” hem-de “John​ Deere” kompaniýalarynyň çykyş etmegi bu çäräniň halkara derejesindäki ähmiýetini görkezdi we öňdebaryjy işewür düzümleriň Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bolan uly gyzyklanmasyny beýan etdi.

 

Döwletgeldi AMANSÄHEDOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň talyby.