logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Politics /BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
  24.10.2025
493
BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi hem-de halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmakda möhüm halkara gurama hökmünde uly orun eýeleýär. Döredilmeginden bäri geçen 80 ýylyň dowamynda bu gurama halkara gatnaşyklarynda hukuk we deňhukuklylyk ýörelgelerini berkitmekde, ynsanperwer gymmatlyklary goramakda möhüm orny eýeledi.

 

Şu möhüm senäniň hormatyna 2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Çärede BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri, daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, degişli ministrlikleriň wekilleri, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

 

Maslahatyň öňüsyrasynda institutyň eýwanynda BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň — Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň işi bilen tanyşdyryjy sergi guraldy.

 

Çykyşlarda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň netijeliligi, halkara borçnamalaryna ygrarlylygy, durnukly ösüş, energetika howpsuzlygy we parahatçylyk ugrunda öňe sürýän başlangyçlary nygtaldy. Türkmenistan bitaraplyk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen dünýäde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar.

 

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň BMG-niň çäklerinde durmuşa geçirýän taslamalarynyň durnukly ösüşe uly goşant goşýandygyny bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň hem-de “Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň işiniň parahatçylyk ýörelgeleriniň dabaralanmagyna hyzmat edýändigi bellenildi.

 

Maslahatyň jeminde oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görýän tagallalary üçin hoşallyk bildirdiler. Soňra Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň täze Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

 

Zibagözel HALLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.