logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi
  15.11.2025
574
TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetinde telekeçilige we startaplara bagyşlanan pikir alyşma duşuşygy geçirildi.

 

Duşuşyga IT we azyk howpsuzlygy boýunça golaýda geçirilen bäsleşikde saýlanyp alnan startapçylaryň birnäçesi gatnaşdy. Şeýle-de gatnaşanlaryň arasynda mekdep okuwçylary, uniwersitet talyplary hem-de ýaş mugallymlar boldy. Çäre beýleki şäherlerde ýaşaýan diňleýjiler üçin Zoom arkaly göni ýaýlymda görkezildi.

 

Halkara telekeçi we maýa goýum gaznasynyň esaslandyryjysy Röwşen Söýünow çykyş edip, Kaliforniýa, Russiýa, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlarda durmuşa geçiren taslamalaryndan alan tejribelerini paýlaşdy.

 

Ol tehnologiýa ugrundaky startaplary döredilende dünýä bazaryna giň ýykgyn etmeli hem-de täzeçil ugurlara elmydama açyk bolmaly diýip belläp geçdi.

 

Ýaşlar maýa goýum çekmegiň möhümleri we ädimleri barada gyzyklanma bildirdiler.

 

Startap bilen bagly geçirilýän çäreler toplumyna Ojar Aziýa we TMT Konsalting kompaniýalary hemaýatkärlik edýär. Bu serişdeleriň maksady jemgyýetde telekeçilik medeniýetini ösdürmek we ukyplary ýokary ýaşlara iş mümkinçiliklerini döretmekdir.

 

Okuw sapaklary 8 gün dowam edýär. Indiki duşuşyklarda bank, ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy we beýleki pudaklaryň hünärmenleri çykyş eder.

 

Bu gezekki startap bäsleşikleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda geçirildi.