logo

Latest news:
✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦
Home / Politics /Türkmen wekiliýeti Ženewada HZG-niň wekilleri bilen duşuşdy
  19.11.2025
440
Türkmen wekiliýeti Ženewada HZG-niň wekilleri bilen duşuşdy

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa ýolbaşçylyk edýän türkmen wekiliýeti Ženewada Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

 

Wekiliýet HZG-niň Baş direktorynyň kömekçisi we guramanyň Sebit direktory Beata Andres, HZG-niň Zähmetkeşler býurosynyň täze direktory Oliwer Ropke, şeýle hem Halkara zähmet kadalary departamentiniň direktory Korin Warga we beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşdy. Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki çäreleriň ýerine ýetirilişine baha bermek, mynasyp zähmeti ösdürmek, jemgyýetçilik dialogyny güýçlendirmek we zähmet kanunçylygyny häzirki zaman talaplaryna laýyklaşdyrmak boýunça geljek ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Türkmenistanyň Oliwer Ropkäniň täze wezipesine başlaly bäri ilkinji resmi kabul eden ýurt bolandygy aýratyn nygtaldy. Bu bolsa ýurdumyzyň zähmet ulgamyndaky işjeň ýagdaýynyň halkara derejesinde tanalýandygyny görkezýär.

 

HZG-niň hünärmenleri halkara zähmet kadalarynyň tassyklanylmagy we olaryň ulanylyş tejribesi boýunça türkmen wekilleri bilen maslahat geçirdiler.

 

Gurama wekilleri Türkmenistanda zähmet hukuklaryny goramak ulgamynyň berkidilmegi, mejbury we çaga zähmetiniň öňüni almak, iş ýerlerinde howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça görülýän çäreleri ýokary baha berdiler.

 

Taraplar hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

 

Leýli MOMMYÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.